Bap 20

Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.

Muşakgatly günde Reb saňa jogap bersin, Ýakubyň Hudaýy seni gorasyn.
2 Ol saňa mukaddes öýden ýardam ibersin hem-de Siýondan seni goldasyn.
3 Seniň ähli sadakalaryňy, goý, ýada salsyn, ýakma gurbanlyklaryňy kabul eýlesin. Sela
4 Ýürek arzuwlaryňy Ol hasyl etsin, ähli maksatlaryňa seni ýetirsin.
5 Seniň ýeňşiňe joşup şatlanarys, Hudaýymyzyň adyna baýdaklar dikeris. Goý, Reb seniň ähli dilegleriňi bitirsin.
6 Men indi bilýärin: Öz seçip saýlanyny Reb halas eder. Ol golunyň gudratly işleri bilen, jogap berer Öz mukaddes gögünden.
7 Käbirleri söweş arabalaryna, käbirleri-de bedewlerine buýsanýar, biz bolsa Hudaýymyz Rebbiň adyna buýsanýandyrys.
8 Olar büdrär hem-de ýykylar, biz bolsa turarys hem dik durarys.
9 Ýa Reb! Patyşany halas et, çagyran wagtymyzda bize jogap ber.