Bap 10

Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň? Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
2 Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby; goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi.
נ
3 Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar, açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
4 Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz erbetler, pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
5 Elmydama üstünlikli bolýar onuň ýollary,
מ
6 göz ýetirerinden Seniň hökümleriň ýokary. Ol ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
7 Ýüreginde diýýär: «Meni hiç zat sarsdyrmaz, nesillerden-nesle ýüzüm ýamanlyk görmez».
פ
8 Onuň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly, diliniň astynda zyýan, etmiş bar.
ע
9 Obalaryň ýanynda oturýar ol bukuda, bigünäni öldürýär gizlin ýerlerde; göz astyna alyp, ol ejizi aňtaýar;
10 ol şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär, garyby garbamaga buky ýerde garaşýar; duzak gurup, garyby öz toruna tutýar.
11 Ol egilýär we ýapyrylýar, ejiz-de onuň goluna düşýär.
12 Öz ýüreginde şeýle oýlaýar: «Hudaý edenlerimi unutdy, ýüzüni sowdy, Ol asla görmeýär muny».
ק
13 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi, ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
14 Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýärler, ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýärler?
ר
15 Emma salýarsyň-a Sen nazary! Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly, dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti. Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni; ýetimiň hossary Sensiň.
שׁ
16 Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny, erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
17 Reb ebedi hem-de baky Patyşa, Onuň ýurdundan ýiter milletler.
ת
18 Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň, olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň, ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin gulak goýarsyň; asly toprakdan bolan ynsandan mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.