Bap 105
Rebbe şükür ediň, Ony çagyryň, halklar arasynda Onuň işlerini jar ediň.
2 Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.
3 Rebbiň mukaddes ady bilen magtanyň; Ony agtarýanlaryň ýüregi şatlykdan dolsun.
4 Rebbe, Onuň kuwwatyna sygynyň, dyngysyz Onuň huzuryny agtaryň.
5 Eý, Rebbiň bendesi Ybraýymyň zürýady, Onuň saýlanlary – Ýakubyň nesli!
6 Ýatlaň Onuň görkezen gudratlaryny, mugjyzalaryny, agzyndan çykan kararlaryny.
7 Ol – Hudaýymyz Reb, Ol tutuş ýer ýüzüne kazylyk edýär.
8 Ol ähtini, müň nesle beren sözüni, Ybraýym bilen eden ähtini,
9 Yshaga beren Öz wadasyny elmydama ýatda saklaýar.
10 Diýdi: «Men size Kengan ýurduny, mirasyňyza düşen paý hökmünde bererin».
11 Muny Ýakuba tassyklady kanun hökmünde, Ysraýyla – müdimi äht hökmünde.
12 Şonda olar az sanlydylar, gaty az we şol ýerde gelmişekdiler.
13 Geçýärdiler bir milletden başga millete, bir şalykdan – başga şalyga.
14 Reb olary ezmäge hiç ýol bermedi, şolar sebäpli Ol şalara käýedi.
15 Diýdi: «Saýlap seçenlerime siz el degirmäň, pygamberlerime ýamanlyk etmäň».
16 Şonda Reb ýurda açlyk düşürdi, Onuň ähli azygyny weýran eýledi.
17 Öňlerinden bir adamy ýollady: Ýusup gul edilip satyldy.
18 Onuň aýaklaryna zynjyr uruldy, boýny demir halka salyndy.
19 Rebbiň aýdanlary berjaý bolýança, Onuň sözi Ýusuby synap barlady.
20 Patyşa adam iberip, ony boşatdy, halklaryň hökümdary ony azat eýledi.
21 Oňa emeldarlarynyň üstünden ygytyýar berip, ýaşulularyna paýhas öwretsin diýip,
22 Ýusuby öz öýüne hojaýyn etdi, tutuş mülküne hökümdar goýdy.
23 Onsoň Ysraýyl Müsüre geldi, Ýakup Ham ýurdunda gelmişek bolup ýaşady.
24 Reb Öz halkyny juda köpeltdi, olary duşmanlaryndan kuwwatly etdi.
25 Hudaý bendeleriniň janyna kast etsinler diýip, duşmanlaryň ýüreginde Öz halkyna ýigrenç döretdi.
26 Reb olaryň arasyna bendesi Musany we seçip saýlan Harunyny ýollady.
27 Olaryň arasynda görkezdiler Rebbiň alamatlaryny, Ham ýurdunda – gudratlaryny.
28 Reb garaňky düşürdi, ýurdy garaňkyratdy, Musa bilen Harun Onuň sözünden çykyp bilmedi.
29 Ol olaryň suwuny gana öwürdi. Olaryň balyklaryny gyryp taşlady.
30 Müsür ýurdy, hatda şa otaglary-da, gurbagalardan dos-doly boldy.
31 Reb buýurdy, siňek sürüsi geldi, çirkeýler tutuş ýurtlaryny doldurdy.
32 Ol ýagyş deregine doly ýagdyrdy, tutuş ýurtlaryna ýalynly ýyldyrymlar çakdyrdy.
33 Reb üzüm baglaryny, injir agaçlaryny urdy, ýurtlaryndaky agaçlary çym-pytrak etdi.
34 Ol buýurdy: çekitgeler, san-sajaksyz ganat baglamadyk çekirtgeler hüjüm eýledi.
35 Olar Müsürdäki ösümlikleriň baryny iýdi, topragynyň hasylyny ýuwutdy.
36 Reb öldürdi Müsürdäki nowbaharlary – bar güýç-kuwwatlary bolan ilkinji zürýatlaryny.
37 Soňra Ysraýyllary ol ýerden altyn-kümüşli edip çykardy, olaryň tireleriniň arasynda büdrän bolmady.
38 Olar çykyp gaýdansoňlar Müsür begendi, çünki olar zerarly üstlerine howp-hatar abandy.
39 Reb örtgi hökmünde ýaýdy buludy, gije yşyk bersin diýip – alawy.
40 Dilediler, Ol bedene iberdi, gögüň çöregini bolelin berdi.
41 Ol gaýany ýardy, suw çogup çykdy, ol çölüstanlykda derýa deý akdy.
42 Çünki Öz bendesi Ybraýyma beren mukaddes wadasyny Ol ýada saldy.
43 Ol şatlyk bilen çykardy Öz halkyny, nagma bilen – seçip saýlanlaryny.
44 Olar Hudaýyň parzlaryny saklary ýaly, Onuň kanunlaryny berjaý ederi ýaly, başga milletleriň ýurduny olara berdi.
45 Olar şol halklaryň ekinleriniň hasylyny ordular. Rebbe şan-şöhrat bolsun!