Bap 14
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Akmaklar ýüreginde: «Hudaý ýok» diýýär. Olar azýar we ýigrenji işleri edýär; ýagşylyk edýän ýok.
2 Paýhasly we Hudaýy agtarýan barmyka diýip, Reb göklerden adamzada nazar aýlaýar.
3 Olaryň hemmesi ýoldan çykdylar, bary deň derejede haram boldular; ýagşylyk edýän ýok, ýok ýeke biri-de.
4 Eýsem düşünmeýärmi ähli betkärler? Olar halkymy çörek ýaly iýýärler hem-de Rebbi çagyrmaýarlar.
5 Olar şol ýerde dowla düşerler, çünki Hudaý dogrularyň tarapdarydyr.
6 Siz äsgermeýärsiňiz garybyň niýetlerini, ýöne welin Rebdir onuň penasy.
7 Wah, gelsedi Siýondan Ysraýyl ýeňşi! Reb dikeldende halkyň öňki abadanlygyny, Ýakup nesli begener, Ysraýyl hem şatlanar.