Bap 32
Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam nähili bagtly!
2 Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan, ruhunda hile ýok adam nähili bagtly!
3 Men dymyp, uzakly gün zar-zar aglanymda, gurap galdy meniň süňklerim.
4 Çünki gije-gündiz eliň üstüme agramyn saldy, tomus yssysynda ýaly ysgynym gaçdy. Sela
5 Saňa äşgär etdim men öz günämi hem-de gizlemedim etmişlerimi. Diýdim: «Reb ýanynda boýun aljak ýazyklarymy». Sen hem bagyşladyň günämiň ýazygyny. Sela
6 Munuň üçin sadyklaryň her biri günäsini aňlan wagty Saňa etsin dogany. Şonda, muňa ýokdur hiç şübhe: oňa ýetmez köp suwlaryň joşmagy.
7 Sensiň meniň gizlenýän ýerim; goraýarsyň meni howp-hatarlardan; Sen meni halas eýlediň, ýüregime şatlyk nagmasyn goýduň. Sela
8 «Men saňa öwüt bererin, ýöremeli ýoluňy salgy bererin; maslahat bererin, sende bolar Meniň nazarym.
9 Düşünjesiz at ýa gatyr dek bolma: bilmeýärler olar gitjek ýoluny agyzzyryk bilen uýan bolmasa».
10 Köp bolýandyr erbet adamyň gaýgysy, emma Rebbe bil baglaýanlary gurşap alýar Onuň wepaly söýgüsi.
11 Eý, dogry adamlar, Rebde begeniň hem-de şatlanyň! Eý, ýüregi dogrular, hemmäňiz heşelle kakyň!