Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 9

Eýýup şeýle jogap berdi:
2 «Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, Ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?
3 Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňde bir sowalyna-da jogap berip bilmez.
4 Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?
5 Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, Gazabyna daglary ters düňderýär.
6 Ol ýeri sarsdyryp, Onuň sütünlerini titredýär.
7 Ol Güne buýruk berýär – gün dogmaýar, Ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.
8 Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.
9 Uly Ýedigeni, Oriony, Ülkeri we günorta ýyldyzlaryny ýaradan Oldur.
10 Akyla sygmajak beýik işleri, Sansyz täsin işleri edýän-de Oldur.
11 Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin, Geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär.
12 Ol tutup äkidýär – ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?
13 Hudaý gazabyndan dönmez, Rahabyň kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.
14 Onsoň men Oňa nädip jogap berip bileýin, Jedelleşmäge sözleri nireden tapaýyn?
15 Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin, Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.
16 Çagyranymda, maňa jogap berenem bolsa, Onuň meni diňlejekdigine ynam etmeýän.
17 Ol başyma harasat inderýär, Nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol.
18 Maňa dem almaga salym bermeýär, Ol kalbymy hasratdan doldurýar.
19 Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?
20 Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, Akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.
21 Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa, Men öz durmuşymy ýigrenýärin.
22 Barybir, şonuň üçinem „Ol akýüreklini-de, pisi-de ýok edýär“ diýýän.
23 Betbagtçylyk duýdansyz ölüm getirende, Ol bigünäleriň başyndan inen bela gülýär.
24 Dünýä pisleriň eline berlendir, Dünýä häkimleriniň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?
25 Günlerim çapardan çalasyndyr, Ýagşylyk görmezden çalt geçip barýar.
26 Gyzyl gaýygy deýin, Awuna okdurylýan bürgüt deý gaýyp barýar.
27 „Arzymy unudaýyn, Ýüzümi ýagtyldyp, şat bolaýyn“ diýsem,
28 Ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän, Çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.
29 Barybir höküm edilerin, Näme üçin ýöne ýere jan edýän?
30 Gar suwuna ýuwnup, Ellerimi aşgar bilen tämizlesem-de,
31 Sen meni laý çukura taşlarsyň, Hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.
32 Çünki Oňa jogap bererim ýaly, Kaza bile giderimiz ýaly, Ol ynsan däl ahyryn!
33 Wah, ikimizi-de diňläp, Elini üstümize goýar ýaly, Aramyzda bir araçy bolsady!
34 Hasasyny depämden aýyrsady Hudaý, Üstümden howp abandyrmasady!
35 Şonda men gorkman geplärdim, Bu halda welin, hiç zat edip bilmeýärin».