Bap 18
Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2 «Ne zaman gutarjak sözüňi? Oňatja pikirlen, onsoň gepleşeris,
3 Biz näme üçin haýwan saýylýarys, Näme üçin akmak görünýäris gözüňe?
4 Gaharyňa öz janyňa zor salýarsyň, Sen diýip dünýä terk edilsinmi? Gaýalar süýşsünmi?
5 Pisleriň yşygy sönýär, Ot ýalynlary parlamaýar.
6 Çadyryndaky nur garaňkylyga öwrülýär, Depelerindäki çyrasy sönýär.
7 Gadamlarynyň bady gowşaýar, Öz işleri ýykýar olary.
8 Öz aýaklary bilen tora düşýärler, Özleri garyma ýykylýarlar.
9 Aýagy gapana düşýär, Olary duzak gapjaýar.
10 Olar üçin ýere syrtmak çekilýär, Ýollaryna duzak gurulýar.
11 Çar tarapdan howp abanýar olara, Howp olaryň söbügine düşýär.
12 Güýç-kuwwat galmaz açlykdan ýaňa, Ýanlaryndan betbagtçylyk aýrylmaz.
13 Derilerini dert iýýär, Ölüm buşlukçysy el-aýaklaryny ýuwudýar.
14 Ynam eden çadyryndan alnyp gidilip, Howplar şasynyň ýanyna getirilýär.
15 Çadyrlarynda hiç zat galmaz, Ýurtlaryna kükürt ýagdyrylar.
16 Kökleri guraýar aşakda, Şahalary solýar ýokarda.
17 Ýer ýüzünde olaryň atlary unudylar, Köçelerde atlary ýatlanmaz.
18 Ýagtylykdan garaňkylyga itilip, Dünýäden kowlarlar.
19 Halkynyň arasynda ne zürýady, ne-de nebereleri bolar, Mesgeninde yzynda galan bolmaz.
20 Öňki nesiller olaryň takdyryna haýran galarlar, Howp gurşaýar soňky nesilleri.
21 Şeýle bolýandyr erbediň kysmaty, Hudaýy tanamaýanyň mesgeni şudur».