Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 23

Eýýup şeýle diýdi:
2 «Bu gün aç-açan arz-şikaýat edýän, Hudaýyň eli ahy-zaryma garamazdan agyr.
3 Wah, Hudaýy nireden tapmalydygyny bir bilsedim! Onuň mesgenine barardym.
4 Arzymy Onuň huzurynda beýan ederdim, Dawalarymy jikme-jik aýan ederdim.
5 Onuň maňa berjek jogabyny bilerdim, Aýtjak zadyna düşünerdim.
6 Ol beýik güýji bilen garşyma çykarmydy? Ýok, Ol maňa gulak asardy.
7 Dogruçyl adam huzurynda Onuň bilen dawalaşyp biler, Men Hökümdarymyň ýanynda hakykat gazanardym.
8 Gündogara gitsem, Hudaý ol ýerde ýok, Günbatara gitsem, Ony tapyp bilmeýärin.
9 Demirgazykda işleýär, Ony gözüm saýgaryp bilenok, Günorta öwrülýär, Ony görüp bilmeýärin.
10 Emma Ol meniň ýöreýän ýolumy bilýär, Meni synaga salanda, altyn deý päk çykaryn.
11 Hudaýy ädimme-ädim yzladym, Hudaýyň ýoluny tutup, ondan çykmadym.
12 Beren tabşyryklaryndan dönmedim, Sözlerini kalbymda arzylap sakladym.
13 Hudaý karar çykarýar, kim Oňa garşy çykyp biler? Ol islän zadyny edýär.
14 Ýüregine düwenlerini eder Ol, Olaryň ýene, gör, näçesi Onda bardyr.
15 Şonuň üçin Onuň bilen ýüzbe-ýüz bolmakdan eýmenýän, Pikir edenimde, Ondan gorkýaryn.
16 Hudaý meniň ýüregimi ejizletdi, Gudratygüýçli meni eýmendirsedi.
17 Garaňkylyk meni ýok etsedi, Ýüzümi zulmat örtsedi».