Bap 20
Onsoň nagamly Sopar şeýle diýdi:
2 «Gulak goý! Pikirlerim jogap bermäge mejbur edýär, Mundan artyk saklanyp bilmerin.
3 Sözleriň bilen meni kemsidýäň, Düşünjäm saňa jogap berdirýär.
4 Owaldan bäri, Ynsanyň dünýä gelşinden bäri bilmeýärmidiň muny?
5 Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, Hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.
6 Hatda olaryň boýy göklere ýetip, Başlary bulutlara degse-de,
7 Pisler öz nejasaty kimin baky ýok bolarlar, Olary tanaýanlar: „Olar nirede?“ diýerler.
8 Düýş kimin uçup giderler, Gijeki görnüş kimin gaýyp bolarlar.
9 Bir gören göz gaýdyp görmez olary, Mekany-da olary ikilenç görmez.
10 Ogullary pukaralaryň öňlerinde özlerini kiçelderler, Elleri bilen olaryň baýlygyny yzyna gaýtararlar.
11 Bedenleri ýaşlyk gujuryndan doly hem bolsa, Olar bilen toprak astynda ýatarlar.
12 Hatda pislik agza datly görnüp, Ony diliniň astynda gizleseler-de,
13 Pisligi saklap, goýbermän, Agyzlarynda saklasalar-da,
14 Iýenleri aşgazanynda turşar, Içlerinde ýylanyň zäherine döner.
15 Baýlygy ýuwdup, ýene gusýarlar ony, Hudaý ony içlerinden çykarýar.
16 Ýylanlaryň zäherini sorarlar, Alahöwreniň dişi olary öldürer.
17 Akar suwlaryň, Baldyr gaýmak akýan dereleriň hözirini görmezler.
18 Gazananlaryny iýmän, yzyna gaýtararlar, Eden söwda-satlygyndan haýyr görmezler.
19 Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, Öz gurmadyk öýlerini eýelediler.
20 Açgözlükden kalplary rahatlyk tapmaz, Arzyly zatlary olary halas etmezler.
21 Iýenlerinden artany bolmady, Munuň üçin rowaçlyklary uzaga çekmez.
22 Bollukda azap çekerler, Depelerinden muşakgat iner.
23 Garynlaryny doýranlarynda, Hudaý lowlaýan gazabyny üstlerine döker, Gazabyny başlaryndan iýmit kimin ýagdyrar.
24 Demir ýaragdan gaçyp gutulsalar, Bürünç ýaý içlerinden parran geçer.
25 Ok içlerinden böwsüp geçer, Ýalpyldaýan ujy böwürlerinden çykar, Üstlerine howp abanar.
26 Tüm garaňkylykda hazynalary ýok bolýar, Üflenmedik ot olary ýuwdar, Çadyrlarynda galanlaryny ýakyp ýok eder.
27 Gökler şaýatlyk eder etmişlerine, Bütin älem-jahan olara garşy çykar.
28 Hudaýyň gazap güni Öýleri emlägi bilen süpürilip äkidiler.
29 Ine, şudur pisleriň Hudaýdan aljak paýy, Hudaýyň olara beren mirasy».