Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 22

Teýmanly Elipaz şeýle diýdi:
2 «Ynsan Hudaýa ýaramly bolup bilermi? Hatda iň akyldaryň Oňa peýdasy degermi?
3 Dogrulygyňdan Gudratygüýçli näme lezzet alýar? Päk durmuşda ýaşaýanyň Hudaýa näme haýry bar?
4 Hudaýyň seni jezalandyrmasy, höküm etmesi Ondan gorkýandygyň üçinmi?
5 Pisligiň ummasyz, Etmişleriň tükeniksiz dälmi?
6 Çünki öz doganyňdan nähak girew aldyň, Eşiklerine çenli sypyryp, olary ýalaňaç goýduň.
7 Ýadawa içmäge suw bermediň, Açdan çöregiňi gysgandyň.
8 Ine, güýçliler ülkä eýe bolýandyr, Hormatlanýan onda ýaşaýandyr.
9 Dul hatynlary yzyna boş goýberdiň, Ýetimleri ezdiň.
10 Munuň üçin daş-töweregiň duzaklar bilen gurşalýar, Duýdansyz gorky seni galagoplyga salýar.
11 Hiç zady görüp bilmeziň ýaly, garaňkylyk seni basýar, Sil gelip, seni gark edýär.
12 Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir? Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!
13 Şonuň üçin sen: „Hudaý nämäni bilýär? Ol tüm garaňkylyk içinden höküm edip bilýärmi?
14 Bulutlar Oňa tutudyr, Ol görüp bilmez, Ol gök gümmezinde gezýändir“ diýýäň.
15 Pisleriň ýörän Köne ýoluny tutjakmy?
16 Olar wagtyndan öň ýygnaldylar, Düýplerini suw aldy.
17 Olar Hudaýa: „Bizi öz günümize goý! Gudratygüýçli, sen bize näme edip bilersiň?“ diýdiler.
18 Şonda-da Hudaý öýlerini bereket bilen doldurdy, Pisleriň maslahaty menden uzakda bolsun!
19 Dogruçyl adam muny görüp begenýär, Bigünä pisleriň üstünden gülýär.
20 Olar: „Ýagylarymyz ýok edildi, Galan zatlary ýanyp kül boldy“ diýýärler.
21 Hudaý bilen dost bol, rahatlykda bol, Şonda haýyr taparsyň.
22 Gulak goý Onuň agzyndan çykýan öwüt-ündewe, Sözlerini ýüregiňde sakla.
23 Gudratygüýçlä tarap öwrülseň, öňki halyňa gowşarsyň, Etmişi çadyryňdan uzaklaşdyrsaň,
24 Altyny topraga, Opyr tyllasyny jülgedäki daşlaryň arasyna atsaň,
25 Gudratygüýçlini öz altynyň, Gymmat bahaly kümşüň saýsaň,
26 Ine, şonda Gudratygüýçliden göwnühoş bolarsyň, Hudaýa ýüz tutarsyň.
27 Hudaýdan dileg edersiň, Ol hem seni eşider, Sen hudaýýolularyňy berersiň.
28 Ol diýen zadyňy ýerine ýetirer, Ýollaryňa nur çaýylar.
29 Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, Çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
30 Hudaý hatda ýazyklylary-da halas eder, Olar seniň elleriň tämizligi üçin gutularlar».