Bap 24
«Näme üçin Gudratygüýçli höküme wagt bellemeýär? Näme üçin Ony tanaýanlar bu günleri görmeýärler?
2 Adamlar araçäk daşlary süýşürýärler, Sürüleri ogurlaýarlar-da, bakýarlar.
3 Ýetimleriň eşegini ogurlap äkidýärler, Dul hatynyň öküzini girew alýarlar.
4 Mätäçleri ýoldan kowýarlar, Ýurduň garyplary olardan bukulýarlar.
5 Çöldäki gulanlar kimin, Ýoksullaryň hersi bir ýana dagap gidýär, Olar çagalary üçin çölde iýmit gözleýärler.
6 Iýmitlerini kesekileriň ekin meýdanyndan ýygnamaly bolýarlar, Pisleriň üzüm bagyndan galan-gaçanyny ýygýarlar.
7 Gije eşiksiz, ýalaňaç ýatýarlar, Sowukda ýapynmaga ýorganlary ýok.
8 Daglara ýagan çabgadan ezilýärler, Gaýany pena edinip gujaklaýarlar.
9 Süýtden aýrylmadyk ýetim çaga ogurlanýar, Garybyň çagasy girew alynýar.
10 Olar daşarda ýalaňaç enteýärler, Aç garna bugdaý desselerini daşaýarlar.
11 Daşlaryň arasynda ýag üçin zeýtuny ýençýärler, Şerap üçin üzüm sykýarlar, emma özleri teşnedir.
12 Şäherlerden ölüp barýanlaryň iňňildisi eşidilýär, Jany hasratlylar perýat edýärler, Emma şonda-da Hudaý olaryň dileglerine üns bermeýär.
13 Ine, ýagtylyga garşy baş göterýänler bar, Ýagtylygyň ýoluny tanamaz olar, Onuň ýodalaryndan ýöremezler.
14 Garyby, ýoksuly öldürmek üçin, Ganhor alagaraňkylykda oýanýar, Gijesine bolsa ogurlyk edýär.
15 Zyna edýänleriň gözi alagaraňkylykdadyr, Hiç kim görmez öýdýärler, Ýüzlerini büreýärler.
16 Gijesine öý talaýarlar, Gündizine gizlenýärler, Yşygyň nämedigini bilmeýärler.
17 Çünki säher olara tüm garaňkylykdyr, Tüm garaňkylygyň howplaryna öwrenişen olar.
18 Pisler suwuň ýüzündäki köpük kimindir, Olaryň ýer paýy näletlenendir, Hiç kim olaryň üzüm bagyna aýak basmaz.
19 Guraklygyň we yssynyň gar suwlaryny sorup alşy deý, Ölüler dünýäsi-de günäkärleri ýuwudýandyr.
20 Olary ene ýatgysy unudýar, Gurt olary iýip, lezzet alýar, Olar hiç kimiň ýadyna düşmeýärler, Adalatsyzlyk agaç kimin syndyrylýar.
21 Pisler önelgesiz aýala sütem edýärler, Dul hatyna ýagşylyk etmeýärler.
22 Hudaý gudraty bilen güýçlüleri ýere çalýar, Olar beýgelseler-de, ýaşamaga umytlary galmaz.
23 Hudaý olara howpsuzlyk berýär, olar Oňa daýanýarlar, Onuň gözi olaryň ýollaryndadyr.
24 Bir salym göterilip, soňra ýitirim bolýarlar, Başgalar ýaly gurap, ýok bolýarlar, Däne başlary kimin kesilýärlar.
25 Men nähak bolsam, ýalançylygymy kim subut etjek? Kim sözlerimiň dereksizdigini görkezjek?»