Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 7

«Ynsanlaryň ýerdäki durmuşy juda müşgil dälmi? Güzerany günlükçiniň güzerany ýaly dälmi?
2 Kölegäni küýseýän gul, Muzduna garaşýan günlükçiler kimin,
3 Kysmatyma boş aýlar ýazyldy, Muşakgatly gijeler bellenildi.
4 Düşegime geçip: „Haçan turarkam?!“ diýýän, Emma gije gutarnyksyz gijä öwrülýär, Iki ýana urnup, daňymy atyrýan.
5 Bedenim gurtdur kesmekler bilen örtülendir, Hamym kesmekläp, soňam iriň akýar.
6 Günlerim dokmaçynyň mäkisinden çalt, Olar umytsyzlykda geçip barýar.
7 Unutma, eý, Hudaý, ömrüm bir demdir, Gaýdyp ýagşylyga gözüm düşmez.
8 Gözleriň meni şu pursat görýär, Ýöne mundan beýläk meni görmersiň, Gözleriň meni gözlär, emma meni tapmarsyň.
9 Buludyň selçeňläp, gaýyp bolşy deý, Ölüler dünýäsine gidenler-de yzlaryna dolanmazlar.
10 Öýlerine gaýdyp gelmezler, Öz mekanlary olary tanamaz.
11 Şonuň üçinem ümsüm boljak däl, Janymyň ýangyjyna geplejek, Ajy hasrat bilen şikaýat etjek.
12 Meni göz astynda saklaryň ýaly, Men deňiz ýa deňiz aždarhasymy näme?
13 Düşegim maňa teselli berer, Çarpaýam zeýrenjimi diňdirer diýsem,
14 Meni düýşler bilen gorkuzýaň, Görnüşler bilen ýüregimi ýarýaň.
15 Şu tende ýaşandan, Boglup ölenim gowudyr.
16 Men janymdan doýdum; bu dünýä baky gelen däldirin, Meni öz günüme goý, çünki ömrüm bir demdir.
17 Ynsanlary beýgeldip, Olara üns bereriň ýaly, Her säher idäp, Her salym synaryň ýaly, Olar kim bolupdyrlar?
18
19 Haçana deňeç meni göz astynda saklajak, Tüýküligimi ýuwutmaga-da ýeke goýjak dälmi indi?
20 Günä etsem, Saňa zeleli näme eý, ynsan Gözegçisi? Näme üçin meni Özüňe garşydaş etdiň? Näme üçin men Saňa ýük boldum?
21 Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap, Etmişlerimi ötmeýäň? Çünki indi gabra girerin, Meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».