Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 11

Nagamly Sopar şeýle diýdi:
2 «Köp söze jogap berilmesinmi? Ýaňrany sözleri aklasynmy?
3 Ýaňralygyň beýlekileri dymdyrar öýdýäňmi? Masgaralanyňda, özüňem utandyrylmazmykaň?
4 Çünki sen: „Taglymatym sapdyr, Men Hudaýyň nazarynda päkdirin“ diýýäň.
5 Wah, Hudaý geplesedi, Saňa garşy dil ýarsady.
6 Ol saňa paýhasyň syrlaryny düşündirsedi! Çünki paýhas köptaraplydyr. Sen bilgin, Hudaý etmişleriňiň käsini unutdy.
7 Hudaýyň syrlaryna akyl ýetirip bilermiň? Gudratygüýçliniň aňry çägine ýetip bilermiň?
8 Olar gökdenem beýikdir, sen näme edip bilýäň? Ölüler dünýäsindenem çuňdur, sen näme bilýäň?
9 Olaryň ölçegi älemden uzyn, Deňizden giňdir.
10 Eger Ol gelip, seni zyndana atsa, Höküm etmek üçin çagyrsa, kim Ony saklap biler?
11 Çünki Ol ýalançylary bilýändir, Ol pisligi görübem, oňa üns bermezmi?
12 Gulandan ynsanyň dogulmaýşy ýaly, Akmagyň-da akyly goýalmaz.
13 Ýüregiňi Oňa bagyşlap, Elleriňi Hudaýa tarap uzatsaň,
14 Pis işleriňi bes etseň, Çadyryňda etmişe orun bermeseň,
15 Şonda sen uýatly başyňy galdyrarsyň, Berk durarsyň, gorkmarsyň.
16 Muşakgatyňy unudarsyň, Akyp giden suwlar dek ýatlarsyň ony.
17 Günorta çagyndanam ýagty bolar ömrüň, Säher deý bolar garaňkylygyň.
18 Umytlydygyň üçin arkaýyn bolarsyň, Goralarsyň, howpsuzlykda dynç alarsyň.
19 Ýatanyňda seni gorkuzan bolmaz, Köpler saňa ýaranjaňlyk ederler.
20 Emma pisler umytdan el üzerler, Gaçara ýerleri bolmaz olaryň, Umyt uçgunlary söner».