Bap 2
Başga bir gün ylahy barlyklar Rebbiň huzuryna gelenlerinde, şeýtan-da olaryň arasy bilen Rebbiň huzurynda häzir bolmaga geldi.
2 Reb şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan Rebbe: «Bütin ýer ýüzüne aýlanyp, syýahat edip gelýärin» diýip jogap berdi.
3 Reb şeýtana: «Sen gulum Eýýuba üns berdiňmi? Dünýäde onuň ýaly adam ýokdur. Ol akýürekli, dogruçyl, Hudaýdan gorkýan we şerden gaça durýan adamdyr. Sen Meni Eýýuby sebäpsiz heläk etmäge öjükdirdiň, ýöne ol entegem päkliginde mäkäm dur» diýdi.
4 Şeýtan Rebbe şeýle jogap berdi: «Ten deregine ten! Ynsan öz jany üçin bar zadyndan geçer.
5 Sen onuň süýegine we tenine el degrip gör, şonda-da ol Saňa gargynmazmyka?»
6 Reb şeýtana: «Bolýar, Eýýup seniň eliňde, ýöne onuň janyny aýa» diýdi.
7 Şeýdip, şeýtan Rebbiň huzuryndan çykyp gitdi-de, Eýýubyň süýr depesinden dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy.
8 Eýýup gaşanmak üçin bir küýze döwügini aldy-da, külüň üstünde oturdy.
9 Eýýubyň aýaly oňa: «Entegem päkligiňi mäkäm saklap ýörmüsiň? Hudaýy näletle-de, öl» diýdi.
10 Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.
11 Eýýubyň üç dosty: teýmanly Elipaz, şuwaly Bildat we nagamly Sopar onuň başyna düşen belalar hakynda eşidip, öz bolýan ýerlerinden ýola düşdüler. Olar Eýýuba duýgudaşlyk bildirip, göwnüne teselli bermäge gitmek üçin duşuşdylar.
12 Olar Eýýuby uzakdan görüp, ony tanamadylar. Onuň dostlary ses edip aglaşdylar, ýakalaryny ýyrtyp, başlaryndan gum sowurdylar.
13 Eýýubyň dostlary ýedi gije-gündizläp onuň bilen bile ýerde oturdylar. Derdi juda çökder bolansoň, hiç kim oňa söz gatmady.