Bap 3
Ahyry Eýýup dil açdy we öz dünýä inen gününi näletledi.
2 Ol şeýle diýdi:
3 «Goý, meniň doglan günüm gurasyn! „Göwrede ogul çaga galdy“ diýlen gijä nälet siňsin!
4 Goý, şol gün garaňkylyga öwrülsin! Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn, Onuň üstüne ýagty düşmesin!
5 Goý, şol güni garaňkylyk, tüm garaňkylyk gurşasyn, Bulutlar örtsün ony, Garaňkylyk ony gorka salsyn!
6 Şol gijäni zulmat gaplasyn, Ol gije ýylyň günlerine girizilmesin.
7 Goý, ol önelgesiz gije bolsun, Onda şatlykly owaz eşidilmesin!
8 Goý, günleri näletleýänler, Liwýatany oýarmagy başarýanlar şol güni näletlesinler!
9 Daň ýyldyzlary şugla saçmasyn şol gün, Yşyga umyt baglasyn, Ýöne yşyk bolmasyn, Daň şapagyna ýüzi düşmesin!
10 Çünki ol enemiň ýatgysyny ýapmady, Hasraty meniň gözlerimden gizlemedi.
11 Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?
12 Etege salynmasam boljak eken! Emdirilmänler geçsem boljak eken!
13 Onda men häzir rahatlykda ýatardym, Dynçlykda bolardym.
14 Haraba öwrülen binalary guran Dünýäniň şalary, geňeşçileri bilen,
15 Öýlerini kümüşden dolduran, Altyn toplan han-begler bilen dynçlykda bolardym.
16 Näme üçin öli doglan çaga dek, Ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men.
17 Ol ýerde pisler pislikden el çekýärler, Ýadawlar-da dynç alýarlar.
18 Ol ýerde ýesirler asudalykdadyr, Olar gözegçileriniň seslerinden dynçdyr.
19 Baý-da, garyp-da bardyr ol ýerde, Gullar-da hojaýynlaryndan azatdyr.
20 Näme üçin jebir-jepa çekýäne nur, Kalby hasratla-da ömür berilýär?
21 Ajaly arzuw edýärler, ajal gelmeýär, Ony gizlenen hazynadan köp agtarýarlar.
22 Gabyr tapanlarynda, şatlanýarlar, Joşup, şowhun edýärler.
23 Näme üçin ýoluny görüp bilmeýäne, Hudaýyň tümlüge gaplanyna ömür berilýär?
24 Çörege derek ahy-zar ýuwudýan, Ahy-nalalarym edil suw kimin dökülýär.
25 Hakykatdanam, gorkym başyma gelýär, Heder edenim-de üstümden inýär.
26 Mende ne rahatlyk bar, Ne-de asudalyk, ne-de dynçlyk bar, Diňe tükeniksiz muşakgat gelýär».