Bap 14
«Aýaldan doglan ynsanyň ömri gysga, Derdi köp bolýandyr.
2 Ol gül kimin açylýar, solýar, Kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.
3 Meniň ýala dagam göz dikýäňmi Sen? Höküm etmek üçin meni huzuryňa getirýäňmi?
4 Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!
5 Ynsanyň güni sanalgydyr, Aýlarynyň sany kesgitlenendir, Olar Seniň bellän çäkleriňden geçip bilmeýärler.
6 Olardan gözüňi aýyr, öz günlerine goý, Iş gününi soňlan işçi dek Dynç alsynlar.
7 Hatda agaja-da umyt bardyr, Ol çapylsa, ýene gögerer, Pudaklary egsilmez.
8 Köki ýerde garrap, Töňňesi toprakda gurap gitse-de,
9 Suw ysyny alan badyna ösüntgi çykaryp, Ýaş agaç kimin şahalaýar.
10 Emma ynsan ölüp, ýok bolýar, Adamzat jan berip, ýitirim bolýar.
11 Köl suwlarynyň guraýşy, Derýanyň gurap, çöle dönüşi kimin,
12 Ynsan hem ýatýar-da, gaýdyp turmaýar, Gökler ýok bolýança, adamlar oýanmazlar, Ukularyndan turuzylmaz.
13 Wah, meni ölüler dünýäsinde gizlesediň, Gazabyň ýatyşýança, meni ýaşyrsadyň, Maňa möhlet berip, onsoň meni ýatlasadyň!
14 Ynsan öler-de, dirilermi? Men tä azat edilýänçäm, Azaply gullugymyň ähli günlerinde garaşaryn.
15 Sen çagyrarsyň, men-de jogap bererin. Öz eliňiň ýaradanyny küýsärsiň.
16 Şonda Sen ädimlerimi sanarsyň, Ýöne günämi yzarlamagyňy bes edersiň.
17 Ýazygym torba salnyp möhürlener, Etmişimiň üstüni örtersiň.
18 Dag opurylyp, weýran bolýar, Gaýa ýerinden goparylýar;
19 Suwlar daşlaryň ýüzüni ýalmaýar, Siller ýeriň topragyny syryp äkidýär, Sen hem ynsanlaryň umydyny şeýle ýok edýärsiň.
20 Ynsanlardan hemişelik üstün çykýaň, Olar ýok bolýarlar, Ýüzüni üýtgedip, gaýry ýere ýollaýaň.
21 Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz, Masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.
22 Olar diňe öz bedenleriniň agyrysyny duýup, Diňe özleri üçin ýas tutýarlar».