Bap 6
Eýýup şeýle jogap berdi:
2 «Wah, derdim ölçelsedi, Betbagtlygym terezide çekilsedi!
3 Deňiz çägelerindenem agyr çykardy, Şonuň üçin men oýlanyşyksyz gepledim.
4 Çünki Gudratygüýçliniň oklary içimde, Ruhum olaryň zäherini içýär, Hudaýyň howplary garşyma hatarlanan.
5 Ýabany eşek otlagdaka aňňyrýarmy? Ýa öküz ahyrynyň başynda molaýarmy?
6 Tagamsyz zat duzsuz iýilýärmi? Ýumurtganyň agynda tagam barmy?
7 Beýle naharlara işdäm ýok, Bular ýüregimi bulaýarlar.
8 Wah, arzuwym hasyl bolup, Hudaý maňa umyt bersedi!
9 Kerem edip, Hudaý janymy alsady, Elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!
10 Bu maňa teselli bolardy, Güýçli dert içinde hem begenerdim, Çünki men Mukaddes Bolanyň sözlerini ret etmedim.
11 Garaşmaga güýjüm barmy nä? Sabyr etmäge soňum barmy nä?
12 Daşdanmy güýjüm? Bürünçdenmi tenim?
13 Alaçsyz galanymda, Özüme ýardam etmäge güýjüm ýetermi?
14 Dostuna mähirlik etmeýän, Gudratygüýçliden gorkmagy ret edýändir.
15 Dostlarym akaba ýap kimin durnuksyzdyr, Akar suwly çeşmeler kimindir.
16 Çeşmeler buzlar erände daşýarlar, Gar suwlaryndan dolýarlar.
17 Jöwzada çeşmeler guraýarlar, Gaýyp bolýarlar yssyda.
18 Kerwenler ýollaryndan sowlup, Suw gözleginde entäp heläk bolýarlar.
19 Suw agtarýarlar Teýmanyň kerwenleri, Şebanyň ýolagçylar umytda bolýarlar.
20 Olar ynam edendikleri üçin utanýarlar, Ol ýere gelip, ruhdan düşýärler.
21 Siz hem meniň üçin şol çeşmeler ýaly bolduňyz, Betbagtlygymy görüp gorkýarsyňyz.
22 Men size: „Maňa zat beriň, Baýlygyňyzdan beriň“ diýdimmi?
23 „Meni duşman elinden halas ediň, Meni garakçylaryň elinden yzyma satyn alyň“ diýdimmi ýa?
24 Maňa öwrediň, onsoň dymaýyn, Ýalňyşymy düşündiriň.
25 Dogry sözler güýçlidir! Ýöne siziň boş sözleriňiz nämäni subut edýär?
26 Sözlerimi düzederin öýdýärsiňizmi? Ejiziň gepini ýele sowurýarsyňyzmy?
27 Hatda ýetim üçin bije atarsyňyz, Dostuňyza baha kesersiňiz.
28 Indi merhemet edip, maňa serediň, Ýüzüňize bakyp, ýalan sözläp bilmen.
29 Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, Ýaňadan garaň, men hakdyryn.
30 Agzymdan nähak söz çykýanmydyr? Betbagtlygy gören däldirin öýdýäňizmi?»