Bap 36
Elihu sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Biraz sabyr et, men saňa düşündireýin, Hudaý üçin aýtmaly sözüm bar.
3 Bilimimi dürli çeşmelerden toplap, Ýaradanymyň adyldygyny subut ederin.
4 Dogrudanam, sözlerim ýalan däl, Garşyňda duran bilimde kämildir.
5 Elbetde, Hudaý gudratly, Hiç kimi kemsitmeýär Ol, Ol paýhasda gudratlydyr.
6 Pisleri diri goýmaz Ol, Ezilenlere adalatlylyk berýär.
7 Dogrulardan gözüni aýyrmaz, Olary şalar bilen tagtda oturdyp, Ebedilik mertebelerini beýgeldýär.
8 Dogruçyllar zynjyr bilen baglanyp, Azap duzagyna düşürilen bolsalar,
9 Hudaý gödek işlerini, ýazyklaryny Olara aýan etmegi üçindir.
10 Öwüt-ündewini diňledip, Pislikden dönmekligi buýurýar.
11 Olar Hudaýa gulak salyp, Oňa hyzmat etseler, Günlerini hoşwagtlykda, Ýyllaryny şady-horramlykda geçirerler.
12 Gulak asmasalar, gylyçdan heläk bolarlar, Dünýäden pähim-paýhassyz ötüp giderler.
13 Hudaýsyzlar gahar-gazaby içinde saklaýarlar, Hudaý olary jezalandyrsa-da, Ondan ýardam dilemeýärler.
14 Ýaşlykda ölüp gidýärler, Ömürleri azgynlykda gutarýar.
15 Hudaý ezilenleri azaplaryndan gutarýar, Muşakgatlylara Özüni eşitdirýär.
16 Ol seni hem dertden azat edip, Çäksiz giňişlige çykardy, Saçagyňy näzi-nygmatlardan doldurdy.
17 Indi sen pislere hak bolan jezany çekýäň, Hökümden we adalatdan gutulyp bilmersiň.
18 Sak bol, baýlyk bilen aldanaýma, Para gyzygyp, ýoldan çykaýma.
19 Baýlygyň, egsilmez güýç-gaýratyň, Seni dertden gutaryp bilermi?
20 Halklaryň ýer ýüzünden Ýok ediljek gijesini arzuw etme.
21 Seresap bol! Pislikden ýüz öwür, Seni günäden saklamak üçin muşakgatlyk iberildi.
22 Hudaýyň gudraty beýikdir, Onuň ýaly tälim berýän barmydyr?
23 Hudaýa näme etmelidigini öwreden kim? Kim Oňa: „Edeniň telek“ diýip bilýär?
24 Hudaýyň işlerini öwmegi unutma, Ynsanlar bu hakda aýdym aýtdylar.
25 Bütin ynsanlar Hudaýyň işlerini gördi, Her kes oňa uzakdan seredýär.
26 Hudaý, hakykatdanam, beýikdir, Onuň beýikligine doly düşünip bilmeýäris, Onuň ömür ýyllary akyla sygmaz.
27 Hudaý suw damjalaryny göge ýygnap, Ýagyş damjalaryna öwürýär.
28 Bulutlardan ýagyş ýagýar, Ynsanlaryň üstünden bol ýagmyr ýagdyrýar.
29 Bulutlaryň ýaýradylyşyna, Asmanyň gübürdisine düşünip bilýän barmy?
30 Hudaý gökde ýyldyrym çakdyrýar, Deňizleriň düýbüne çenli örtýär.
31 Hudaý halky şeýle dolandyrýar, Olary bolelin iýmit bilen üpjün edýär.
32 Ýyldyrymy Öz elinde saklap, Öz bellän ýerinde çakmagy buýurýar.
33 Gök gümmürdisi apy-tupanyň ýetip gelýändigini duýdurýar, Hatda mal-gara apy-tupanyň ýetip gelýänini bildirýär».