Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 41

«Ony tutmak umydy netijesizdir, Garasyny göreniň gorkudan ýüregi ýarylar.
2 Ony oýaryp biljek ýürekli adam ýokdur, Kim Meniň öňümde durup biljek?
3 Kim Menden hasabat bermegimi soraýar? Gögüň astyndaky bar zat Meniňkidir.
4 Liwýatanyň beden agzalary, Beýik güýji we gözel syraty barada dymmaryn.
5 Kim onuň sowudyny çykaryp biler? Kim oňa ýarag bilen golaýlaşyp biler?
6 Kim onuň agzyny açmaga ýürek eder? Agzyndaky dişleri gorkunçdyr.
7 Arkasy ykjam möhür bilen mäkämlenen, Hatar-hatar galkanlar bilen örtülen.
8 Olar biri-birlerine şeýle ýakyn welin, Hatda aralaryndan howa geçmeýär.
9 Birek-bireklerine ýapyşdyrylgydyr olar, Mäkäm seplenendirler, olary aýryp bolmaz.
10 Asgyranda ot saçýar, Gözleri daň şapagy kimin ýanyp dur.
11 Agzyndan ýalyn çykýar, Ot uçgunlary syçraýar.
12 Burnunyň deşiklerinden gaýnaýan gazan, Ýanýan gamyş kimin tüsse çykýar.
13 Demi kömürleri köredýär, Agzyndan alaw çykýar.
14 Güýç onuň boýnundadyr, Gorky onuň huzurynda tans edýär.
15 Etiniň gatlary biri-birine ýapyşyp, Endamynda berkän, ol gymyldamaýar.
16 Ýüregi daş kimin gaty, Degirmen daşy kimin gatydyr.
17 Ol ýerinden galanda, güýçliler lerzana gelýär, Gorkudan ýaňa titräp, özlerini ýitirýärler.
18 Oňa gylyç kär etmez, Naýza, hanjar we ok ötmez.
19 Ol demri saman, Bürünji çüýrük agaç saýýar.
20 Atylan okdan gaçmaz, Sapan daşlary oňa saman ownugy kimindir.
21 Serdesseleri saman saýýar, Özüne tarap zyňylan naýzalara gülýär.
22 Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir, Palçygyň üstüne süýnüp, mala basylan ýaly yz galdyrýar.
23 Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar, Deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär,
24 Yzynda parlak yz galdyrýar, Deňiz agaran saça meňzedilýär.
25 Bütin älemde onuň deňi-taýy ýokdur, Bu mahluk gorky-ürkini bilýän däldir.
26 Ol ähli jandarlaryň içinde iň tekepbiridir, Ýyrtyjy haýwanlaryň iň boýnyýogynydyr».