Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 33

«Indi maňa gulak goý, eý, Eýýup, Diýjek sözlerimi diňle.
2 Ine, agzymy açýan, Sözlerim dilimiň ujunda.
3 Sözlerim päk ýürekden çykýar, Her diýjek sözüm hakykatdyr.
4 Hudaýyň ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär.
5 Başarsaň, maňa jogap ber, Jedelleşige taýynlan-da, öňümde dik dur!
6 Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, Menem toprakdan ýaradyldym.
7 Menden gorkmak gerek däl, Hüjümim agyr bolmaz.
8 Gepleriňi öz gulagym bilen eşitdim, Sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur.
9 Sen: „Men päk, ýazyksyz, Tämiz, mende etmiş ýokdur.
10 Şonda-da Hudaý maňa garşy bahana tapýar, Meni Özüne duşman saýýar,
11 Aýaklaryma künde salýar, Bütin ýollarymy synlaýar“ diýýärsiň.
12 Emma men saňa diýýän: Sen bu babatda nähak, Çünki Hudaý ynsandan beýikdir.
13 „Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip, Näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?
14 Çünki Hudaý ynsana bir ýola, Düşünmese ikinji ýola-da gepleýär.
15 Düýş, gijeki görnüş arkaly, Ynsanlary agyr uky basanda, Düşeklerinde ýatyrkalar,
16 Ynsanlaryň gulaklaryna gepläp, Olary duýduryşlar bilen gorkuzýar.
17 Ol muny ynsanlary pis işlerden, Tekepbirlikden saklamak üçin,
18 Olaryň janyny gabyrdan, Ömrüni ölümden gutarmak üçin edýär.
19 Düşeginde agyrylar bilen, Süýekleriniň dynuwsyz syzlamasy bilen olary jezalaýar.
20 Şonda näsagyň işdäsi kesilip, Ol lezzetli nahary-da ýigrenýär.
21 Teni gurap, göze ilmeýär, Görünmedik süňkleri indi çykyşyp dur.
22 Bir aýagy gabyrdadyr olaryň, Bärsinden aňyrsy ýakyndyr.
23 Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup, Ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse,
24 Oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, Men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,
25 Goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, Ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn.
26 Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär, Ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär, Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär.
27 Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, Emma Hudaý maňa jeza bermedi.
28 Ol janymy gabyrdan gutardy, Indi durmuşyň hözirini görerin“ diýýär.
29 Ynsanyň janyny gabyrdan gutarjak bolup, Olara şatlykly durmuş berjek bolup, Hudaý bu zatlary Öwran-öwran gaýtalaýar.
30
31 Üns ber, Eýýup, maňa gulak goý, Ümsüm bol, men gepläýin.
32 Eger aýtjak zadyň bolsa aýt, Geple, çünki men seni aklamak isleýän.
33 Ýogsa-da maňa gulak goý, Ümsüm bol, men saňa paýhaslylyk öwredeýin».