Bap 12
Eýýup şeýle diýdi:
2 «Siz bar zady bilýänsiňiz, Siz ölende, paýhas-da siz bilen öler!
3 Meniň-de akylym siziňki ýaly, Men-de sizden kem däldirin, Bu zatlary bilmeýän barmy?
4 Öz dostlaryma gülki boldum! Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi, Dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!
5 Dertsizler betbagtlaryň üstünden gülýärler, Büdreýänleri itip göýberýärler.
6 Garakçylaryň çadyrlary asuda, Hudaýy gazaplandyrýanlar howpsuz, Olaryň güýji ýeke-täk hudaýydyr.
7 Haýwanlardan sora, olar saňa öwrederler, Gökdäki guşlardan sora, olar saňa aýdyp bererler.
8 Ýerden sora, saňa öwreder ol, Deňziň balyklary saňa aýdyp bererler.
9 Muny Rebbiň eliniň edendigini Bularyň haýsysy bilýän däldir?
10 Her bir jandaryň jany, Bütin adamzadyň demi Onuň elindedir.
11 Agzyň tagamy dadyşy deý, Gulagam sözleri seljermezmi?
12 Paýhas garrylarda, Düşünje uzak ömürdedir.
13 Paýhasam, gudratam Hudaýdadyr, Öwüt-de, danalyk-da Onuňkydyr.
14 Hudaýyň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez, Onuň gabanyny hiç kim boşadyp bilmez.
15 Hudaý suwlary togtatsa, bar zat guraýar, Iberse-de, dünýäni sil alýar.
16 Gudratam, paýhasam Onuňkydyr, Aldan-da, aldanan-da Onuňkydyr.
17 Ol hökümdarlary kemsidip, Kazylary akmaklara öwürýär.
18 Ol şalaryň guşagyny gowşadyp, Billerine ýüp baglaýar.
19 Ruhanylary kemsidip, Güýçlileri agdarýar.
20 Ynamly maslahatçylary dymdyryp, Ýaşululary akylyndan mahrum edýär.
21 Şazadalary ile ryswa edýär Ol, Güýçlileri ýaragsyzlandyrýar.
22 Garaňkylyk jümmüşiniň syrlaryny açýar, Tüm garaňkylygy ýagtylyga öwürýär.
23 Milletleri beýgeldip, yzysüre ýok edýär, Milletleri artdyryp, olary sürgün edýär.
24 Baştutanlary akylyndan azaşdyryp, Ýolsuz çölde ykdyrýan-da Oldur.
25 Olar garaňkyda yşyksyz sermeleşip ýörýärler, Olary serhoş kimin entiredýär».