Bap 37
«Gümmürdä ýüregim galpyldap, Agzymdan çykyp gelýär.
2 Diňläň Onuň gümmürdeýän sesini, Agzyndan çykýan owazy eşidiň.
3 Ýyldyrymy gögüň astyndaky ähli ýere, Ýer ýüzüniň dört künjegine iberýär.
4 Onsoň Onuň güňleç sesi eşidilýär, Ol gök kimin gümmürdeýär, Öz bar sesine seslenýär.
5 Hudaýyň sesi täsin gürrüldi berýär, Biziň akyl ýetirerimizden has beýik işleri edýär.
6 Çünki Ol gara „ýag“ diýip, Ýagşa-da „güýçli ýag“ diýip buýruk berýär.
7 Munuň üçin ähli ynsanlaryň işi togtadylýar, Olar Onuň beýik işlerini şonda bilerler.
8 Haýwanlar öz hinlerine girýärler, Öz sürenlerinde galýarlar.
9 Harasat öz mekanyndan çykýar, Sowuk güýçli ýelden gelýär.
10 Hudaýyň demine buz emele gelip, Suw giňişlikleri doňýar.
11 Hudaý bulutlary ygaldan dolduryp, Olaryň arasyndan ýyldyrymy ýere pytradýär.
12 Onuň buýrugyna görä, Bütin ýer ýüzüne aýlanýarlar, Hudaýyň buýruklaryna boýun bolýarlar.
13 Ýa ynsanlary jezalandyrmak üçin, Ýa-da ýer ýüzüni suwaryp, Öz söýgüsini görkezmek üçin, Ol ýagyş ýagdyrýar.
14 Eýýup, diňle muny, Togta-da, Hudaýyň beýik işleri hakynda pikirlen.
15 Hudaýyň bulutlary nähili dolandyrýanyny, Nädip ýyldyrym çakdyrýanyny bilýäňmi?
16 Bulutlaryň deňagramlylygyny, Kämil Bilimliniň täsin işlerini bilýäňmi?
17 Ýer ýüzüne günorta ýeli öwüsýän möwsümde, Eşikleri yssydan endamyna ýapyşýan sen,
18 Guýma bürünç aýna dek berk bolan asmany Hudaý bilen bile guýup bilermiň?
19 Hudaýa näme diýmelidigini bize öwret, Sözümizi beýan edip bilmeýäris, çünki biz garaňkylykda.
20 Gürleşmek isleýänimi Hudaýa aýtmalymy? Ýuwudylmak isleýän barmy?
21 Şemal geçip, bulutlar syrylanda, Gökde parlaýan nura hiç kim seredip bilmez.
22 Hudaý demirgazykdan altyn şöhle saçyp gelýär, Ol gudratly şöwkete bürenendir.
23 Gudratygüýçli elýetmez, gudratda beýikdir, Ol adyldyr, dogruçyllykda beýikdir, Ol hiç zulum etmeýär.
24 Şonuň üçinem ynsanlar Ondan gorkýarlar, Hudaý olaryň paýhasyna üns bermeýär».