Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 8

Onsoň şuwaly Bildat şeýle diýdi:
2 «Haçana deňeç şeýle gürlejek? Agzyňdan çykýan sözler güýçli şemal deý dereksiz.
3 Heý-de, Hudaý adalaty bozýanmydyr? Gudratygüýçli hakykaty ýoýýanmydyr?
4 Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsalar, Hudaý-da olara ýazyklaryna görä jeza berendir.
5 Eger Hudaýy agtarsaň, Gudratygüýçlä ýalbarsaň,
6 Päk we dogruçyl bolsaň, Elbetde, Ol seniň üçin aýaga galar, Sylaglap, hojalygyňy dikelder.
7 Öňüň ujypsyz-da bolsa, Soňuň beýik bolar.
8 Owalky nesillerden sora-da, Olaryň ata-babalarynyň derňewine nazar sal.
9 Çünki biz düýnkilerdiris, Bilýän zadymyz ýokdur, Ýerdäki ömrümiz kölege kimindir.
10 Olar saňa öwretmezlermi, aýtmazlarmy, Ýüreklerindäki sözleri dile getirmezlermi?
11 Batgasyz ýerde gargy bitermi? Suwsuz ýerde gamyş ösermi?
12 Olar entek gökkä, orulmanka, Otlardan öň guraýarlar.
13 Hudaýy unudan her kesiň soňy-da şeýle gutarar, Hudaýsyzyň umydy öler.
14 Bil baglaýany berk däldir, Daýanýany möýüň kerebi kimindir.
15 Öýüne söýenýär, ýöne ol ýykylar, Oňa berk ýapyşýar, ýöne ol çagşar.
16 Hudaýsyzlar güneşde gülleýän ösümlik kimin, Olaryň şahalary tutuş baga ýaýraýar.
17 Kökleri daş üýşmekleriniň daşyna oralyp, Daşlaryň arasynda ýatýandyr.
18 Eger ýerlerinden goparylsa, Ýer inkär edip: „Seni görmedim“ diýer.
19 Şady-horramlygy uzaga çekýän däldir olaryň, Olaryň ýerini başgalar tutarlar.
20 Hudaý akýüreklini terk etmez, Pislik edýäne ýardam bermez.
21 Ol ýene agzyňy gülküden, Lebleriňi şadyýan owazdan doldurar.
22 Duşmanlaryň uýada galar, Pisleriň çadyry weýran bolar».