Bap 32
Şeýdip, bu üç kişi Eýýup bilen jedelini bes etdi, çünki Eýýup öz gözüne dogruçyl göründi.
2 Onsoň ram urugyndan, büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu muňa gazaplandy. Onuň Eýýuba gaty gahary geldi, sebäbi Eýýup Hudaýy däl-de, özüni aklady.
3 Elihu Eýýubyň üç dostuna-da gaty gaharlandy, çünki olar dogry jogap tapmansoňlar, Eýýuby günäkärläpdiler.
4 Elihu beýlekilerden ýaş bolandygy üçin, Eýýup bilen gepleşmäge öz nobatyna garaşdy.
5 Bu üç adamdan jogap ýokdugyny görende, Elihu gazaplandy.
6 Büz tiresinden bolan Barakeliň ogly Elihu şeýle jogap berdi: «Men ýaş, siz garry, Şonuň üçin men çekindim, Öz pikirimi aýtmaga gorkdum.
7 Içimi gepledip: „Goý, gojalar geplesinler, Ýaşulular paýhas bersinler“ diýdim.
8 Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.
9 Paýhas diňe gojalarda däldir, Hakykata düşünýän diňe ýaşulular däldir.
10 Şonuň üçin: „Maňa gulak salyň, Men öz pikirimi beýan etsem“ diýýän.
11 Ine, men sözleriňize garaşdym, Aýtjak zadyňyzy agtarýarkaňyz, Parasatly gepiňize gulak asdym.
12 Sizi dykgat bilen diňledim, Emma hiç biriňiz Eýýubyň nähaklygyny subut etmediňiz, Hiç biriňiz onuň sözlerine jogap bermediňiz.
13 Siz: „Biz paýhas tapdyk, Ony Hudaý nähak çykarsyn, ynsan däl“ diýmäň.
14 Eýýup sözlerini maňa garşy gönükdirmedi, Oňa siziň sözleriňiz bilen jogap bermerin.
15 „Olar gorkup, jogap berip bilmeýärler, Söz tapmaýarlar aýtmaga.
16 Olardan ses-seda çykmaýar, Olar jogapsyz durlar“ diýip, Men garaşaýynmy indi?
17 Men-de öz jogabymy bererin, Öz pikirimi beýan ederin.
18 Çünki men sözden doly, Içimdäki ruh meni gyssaýar.
19 Ine, içim açylmadyk şerap kimin, Täze meşik kimin ýarylyp barýar.
20 Gepläp, içimi sowadaýyn, Dil açyp, saňa jogap bereýin.
21 Adamdan ýüz görmerin, Ýaranjaňlyk etmen hiç kime.
22 Ýaranjaňlyk etmegi başarmaýan men, Ýogsa Ýaradanym meni-de ýok ederdi».