Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 13

«Bularyň baryny gözlerim gördi, Gulagym eşidip düşündim.
2 Siziň bilýäniňizi men-de bilýärin, Men sizden kem däldirin.
3 Emma men Gudratygüýçli bilen gepleşip, Dawamy Hudaý bilen etmek isleýän.
4 Siz bolsa ýaramy ýalan sözler bilen bejerýäňiz, Baryňyz dereksiz lukmanlardyrsyňyz.
5 Wah, siz bütinleý dymsadyňyz! Ana, şonda siz paýhasly bolardyňyz!
6 Diňläň meniň delillerimi, Gulak goýuň, meniň çekişmelerime!
7 Hudaýyň adyndan nähak sözleri sözlejekmi? Hileli sözler aýtjakmy Onuň adyna?
8 Sizmi Hudaýyň tarapyny tutjak? Onuň üçin dawa etjek?
9 Hudaý sizi synasa, synagdan geçermikäňiz? Ynsanyň ynsany aldaýşy ýaly, Ony-da aldap bilermikäňiz?
10 Hudaýyň tarapyny gizlin tutsaňyz, Ol sizi hökman jezalandyrar.
11 Onuň şan-şöhraty sizi eýmendirip, Gorkusy üstüňize abanmazmy?
12 Nakyllaryňyz kül deý dereksizdir, Delilleriňiz hiç bir esassyzdyr.
13 Indi siz dymyň-da, maňa geplemäge gezek beriň, Men başa gelenini göreýin.
14 Tenimi dişim bilen tike-tike edip, Janymy öz elimde goýaýyn.
15 Ol meni öldürer, mende umyt ýok. Ýollarymyň dogrudygyny Oňa subut ederin.
16 Ine, şu meniň gutulyşym bolar, Çünki hudaýsyzlar Onuň huzuryna baryp bilmez.
17 Sözlerime dykgat bilen gulak goýuň, Aýdýanlarym gulagyňyzda galsyn.
18 Men dawamy taýýarladym, Aklanjagymy bilýärin.
19 Kim meniň bilen jedel etjek? Şondan soň lal-jim bolup ölerdim.
20 Ýa, Hudaý, meniň iki islegimi ýerine ýetiräý, Şonda men Senden gizlenmerin:
21 Menden eliňi çek, Meni Öz howpuňdan azat et.
22 Onsoň meni çagyr, men-de jogap bereýin, Ýa-da men gepläýin, Sen maňa jogap ber.
23 Etmişlerim, günälerim köpmüdir? Maňa ýazygymy, günämi görkez.
24 Näme üçin menden ýüzüňi gizläp, Meni Özüňe duşman saýýarsyň?
25 Ýeliň gaçyran ýapragyny eýmendirjekmi? Gury samany kowalajakmy?
26 Maňa garşy ajy aýyplamalar ýazýarsyň, Ýaşlykdaky etmişlerimi miras berýärsiň.
27 Aýaklaryma künde urýarsyň, Her bir ädimimi garawullap, Aýak yzlaryma çenli barlaýarsyň.
28 Ynsan bir çüýrän zat, Güýe degen eşik kimin dargaýar».