Bap 39
«Dag geçileriniň haçan guzlaýanyny bilýäňmi? Keýikleri guzlaýan wagty synlaýaňmy sen?
2-3 Olar bükülip, burgusy tutup, çagalanda, Olaryň näwagt aýlarynyň dolup, Guzlamaly pursatyny bilýäňmi?
4 Balalary çölde ösüp, güýç alýar, Çykyp gidip, yzlaryna dolanmazlar.
5 Gulany boşadyp goýberen kim? Ýabany eşegi duşagyndan boşadan kim?
6 Olara çölleri öý, Şor ýerleri mesgen edip berdim.
7 Ol şäheriň galmagalyna gülýär, Mal sürýäniň gykylygyny eşitmeýär.
8 Öri üçin depelerde enteýär, Gök otluk agtarýar.
9 Ýabany öküz saňa hyzmat etmäge razy bolarmyka? Gijäni seniň ahyryňyň başynda geçirermikä?
10 Ýer sürdürmek üçin ýabany öküze boýuntyryk salyp bilermiň? Ýa-da ol seniň yzyňdan ýerlere mala basarmyka?
11 Onuň beýik güýjüne bil baglap bilermikäň? Agyr işiňi oňa tabşyryp bilermikäň?
12 Ýabany öküziň hasylyňy ýygnap, Harmanyňa üýşürjekdigine ynamyň barmy?
13 Leglegiňki kimin ganat-peri bolmasa-da, Düýeguş begençli ganat kakýar.
14 Düýeguş ýerde ýumurtgalaýar, Olary gumda ýyladýar.
15 Ýumurtgalaryň aýak astynda ýenjiljegini, Ýabany haýwanlaryň olary basgylajakdygyny unudýar.
16 Balalaryny edil kesekiniňki kimin zabun tutýar, Zähmetiniň biderek boljagyndan heder etmeýär.
17 Çünki Hudaý ony paýhasdan mahrum edendir, Oňa aň bermändir.
18 Emma düýeguş ganat ýaýyp ylganda, Atyň we çapyksuwarynyň üstünden gülýär.
19 Bedewe güýç-kuwwat berýän senmi? Onuň boýnuna ýaly bitirýän senmi?
20 Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän? Kişňände, aýylgançdyr onuň sesi.
21 Gazaply ýer peşäp, güýjüne buýsanýandyr, Duşmanyň üstüne okdurylýar.
22 Gorka gülüp, hiç zatdan heder etmeýär, Gylyçdan hem gaçmaýar.
23 Sagdak, ýalpyldawuk naýza we hanjar oňa degip, Zarňyldap, yzyna atylýar.
24 Buýsançdan möwç alyp, esli aralyga çapýar, Ümsüm durmaz ol surnaý sesine.
25 Surnaý sesi ýaňlananda, ol kişňeýär, Söweş ysyny, serkerdeleriň goh-galmagalyny, Söweş gykylyklaryny uzakdan duýýar.
26 Gyrgy seniň paýhasyň bilen gökde gaýyp, Ganatlaryny ýaýyp, günorta tarap uçýarmy?
27 Bürgüt seniň buýrugyň bilen göge galyp, Belentlikde höwürtge ýasanýarmy?
28 Ol uçut gaýalarda ýaşap, Olary özüne gala edinýär.
29 Awuny şol ýerden gözleýär, Gözleri awuny uzakdan görýär.
30 Balalary gandan iýmitlenýärler, Nirede läş bolsa, olar şol ýerdedir».
31 Reb Eýýuba şeýle diýdi:
32 «Gudratygüýçli bilen jedelleşen Oňa düzediş berermi? Hudaý bilen dawalaşýan jogap bersin».
33 Eýýup Rebbe şeýle jogap berdi:
34 «Wah, men bir sanda ýok adam, Saňa näme jogap bereýin? Agzyma bek bolaryn indi.
35 Köp gezek gepledim, ýöne mende jogap ýok, Mundan artyk geplemen indi».