Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 31

«Boý gyza gyýa göz bilen bakmajagyma ant içdim.
2 Çünki ýokardaky Hudaýdan paýym nedir, Gökdäki Gudratygüýçliden mirasym nedir diýip pikir etdim.
3 Erbetleriň başyndan betbagtçylyk, Ýamanlyk edýänleriň başyndan bela inmeýärmi?
4 Ol ýöreýän ýollarymy görüp, Her ädimimi yzarlaýar.
5 Men ýalan sözläp, Hilegärlige ýüz uran bolsam,
6 Hudaý adyl höküm etsin, Meniň päkdigimi bilsin.
7 Aýagym ýoldan çykan bolsa, Ýüregim gözüme eýeren bolsa, Ellerime gara ýokduran bolsam,
8 Goý, ekenimi başgalar iýsin, Ekinim köki bilen sogrulsyn.
9 Ýüregimi bir aýala aldyran bolsam, Goňşymyň gapysynda bukuda ýatan bolsam,
10 Goý, aýalym başganyň bugdaýyny üwesin, Goý, oňa başga erkekler ýanaşsyn.
11 Çünki bu azgynlykdyr, Höküm edilmeli jenaýatdyr.
12 Bu heläkçilik ýerine çenli ýakýan ot, Bar ekinimi köki bilen ýakar ol.
13 Gulum ýa-da gyrnagym maňa arz-şikaýat edende, Men olara adalatsyzlyk eden bolsam,
14 Hudaý aýaga galanda, men näme ederin? Ol hasap soranda, Oňa näme jogap bererin?
15 Enemiň göwresinde meni ýaradan, olary-da ýaratmadymy näme? Göwrede bize şekil beren bir Hudaý dälmi näme?
16 Garyplary isläninden mahrum eden bolsam, Dul hatyny umytdan düşüren bolsam,
17 Ýa-da nanymy ýeke iýip, Ýetimler bilen paýlaşmadyk bolsam,
18 (Ýaşlygymdan bäri ýetimlere atalyk edip geldim, Doglanym bäri dul hatynlara ýol görkezip geldim).
19 Eşiksiz heläk bolany, Ýapynjasy bolmadyk mätäji görüp,
20 Olary goýunlarymyň ýüňi bilen ýylatmadyk bolsam, Olar hem bütin ýüregi bilen meni alkyşlamadyk bolsalar,
21 Kömekçilerimiň tarapymy çaljagyna gözüm ýetip, Ýetime el galdyran bolsam,
22 Goý, omzum ýazsyn, Golum omzumdan omrulsyn.
23 Çünki Hudaýdan geljek betbagtçylykdan gorkdum, Beýikliginden ýaňa Onuň huzurynda durup bilmezdim.
24 Altyna bil baglan bolsam, Sap altyna ynam eden bolsam,
25 Ummasyz baýlygyma buýsanyp, Elimiň gazanjyna guwanan bolsam,
26 Parlaýan Güne garap, Asmandaky ajaýyp Aýa bakyp,
27 Köňlümiň meýlini azdyryp, Aýa, güne sežde hökmünde ýüzüme sylan bolsam,
28 Bu hem höküme laýyk etmiş bolardy, Gökdäki Hudaýy inkär etdigim bolardy.
29 Duşmanlarymyň heläkçiligine begenip, Başlaryndan bela inende, heşelle kakan däldirin.
30 (Gargyş bilen olaryň ölümini diläp, Dilim bilen günä etmedim).
31 Çadyrymdakylar: „Eýýubyň beren etinden Garnyny doýurmaýan barmy?“ diýen bolsalar,
32 (Musapyr köçede ýatan däldir, Çünki gapym mydama ýolagçylar üçin açykdy).
33 Mähelleden juda gorkup, Olaryň ýigrenjinden heder edip, Dymyp, daşa çykman, Ýürekde etmişlerimi gizläp, Beýlekiler ýaly ýazyklarymy ýaşyran däldirin.
34
35 Wah, maňa bir gulak asýan bolsady! Wah, Gudratygüýçli Hudaý Sen bir maňa jogap bersediň! Şonda aýdan zatlarymyň hakdygyny subut edip, gol çekerdim! Wah, Aýyplaýjym hökümleri ýazyp, elime bersedi!
36 Şübhesiz ony gerşimde göterip, Başyma täç ederdim.
37 Her ätlän ädimimiň hasabatyny bererdim Oňa, Şazada kimin Onuň huzuryna barardym.
38 Ýerim maňa garşy perýat eden bolsa, Onuň keşleri bile aglaşýan bolsa,
39 Tölegsiz ýeriň hasylyndan iýen bolsam, Ýer eýeleriniň janyna kast eden bolsam,
40 Goý, ol ýerde bugdaý ýerine tiken, Arpa ýerine haşal otlar bitsin!» Eýýubyň sözleri tamam boldy.