Bap 17
«Ruhum syndy, günlerim tamam, Maňa gabyr garaşýar.
2 Daş-töweregim ýaňsylaýjylardan doly, Gözüm olaryň duşmançylygyny görýär.
3 Özüň maňa kepillik bergin, Senden başga maňa kim kepil boljak?
4 Olaryň aňyny düşünjeden gizlediň, Şonuň üçin olary beýgeltmersiň.
5 Para üçin dostlaryny satýanlaryň Çagalarynyň gözleri kör bolar.
6 Hudaý meni ile gep etdi, Olar ýüzüme tüýkürýärler.
7 Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi, On iki synam çöpe döndi.
8 Dogruçyl adam derdime aňk bolýar, Bigünä-de hudaýsyza garşy gazap atyna atlanýar.
9 Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar, Eli tämizleriň güýji artar.
10 Emma hemmäňiz gaýdyp gelseňiz-de, Araňyzdan akylly adam tapmaryn.
11 Günlerim tamam, Niýetlerim, ýürek arzuwlarym-da puja çykdy.
12 Olar gijäni gündiz edýärler, „Ýagtylyk garaňkylyga ýakyn“ diýýärler.
13 Ölüler dünýäsini öýüm dek küýsesem, Düşegimi garaňkylykda ýazsam,
14 Gabyra: „Sen atamsyň“, Gurda: „Sen enemsiň, uýamsyň“ diýen bolsam,
15 Onda umydym hany? Umydymy görjek kim?
16 Umyt meniň bilen ölüler dünýäsine iner öýdýäňmi? Meniň bilen bile göre girermi?»