Bap 16
Eýýup şeýle diýdi:
2 «Men bular ýaly zatlary köp eşitdim. Siziň baryňyz dereksiz teselli berijiler!
3 Boş sözleriňiz haçan gutarjak? Sizi dawalaşmaga mejbur edýän zat näme?
4 Siz meniň ýerime bolan bolsadyňyz, Menem siziň ýaly gepläp bilerdim. Size garşy akgynly sözläp, Başymy ýaýkardym.
5 Sizi öz sözlerim bilen ruhlandyrardym, Köşeşdiriji sözlerim derdiňizi ýeňlederdi.
6 Geplesem-de derdim ýeňlemeýär, Dymanym bilen janym aram tapmaýar.
7 Ýa, Hudaý, Sen meni halys tapdan düşürdiň, Bütin hojalygymy weýran etdiň.
8 Gurpsuzlygym muňa şaýatlyk edýär, Mejalsyzlygym garşyma güwälik edýär.
9 Hudaý maňa ýigrenç bilen seredip, gaharyna meni parçalaýar, Ol maňa dişlerini gyjaýar, Duşmanymyň gözleri içimden geçýär.
10 Adamlar maňa agyzlaryny öweldip, Meni masgaralap, ýaňagyma urýarlar, Garşyma dil birikdirýärler.
11 Hudaý meni näletkerdeleriň, Pisleriň eline berdi.
12 Rahatlykda ýaşaýardym, emma Hudaý meni sarsdyrdy, Boýnumdan tutup, bölek-bölek etdi, Meni Özüne nyşana edindi.
13 Onuň kemançylary daşymy gurşaýar, Rehimsizlik bilen böwrümi deşýär, Ödümi ýere dökýär.
14 Bedenimi dilim-dilim edýär, Urşujy kimin üstüme topulýar.
15 Egnime jul tikindim, Başymy toza sokdum.
16 Aglamakdan ýaňa ýüzüm gyzarýar, Gözümi tüm garaňkylyk örtýär.
17 Ýöne men jenaýat etmedim, Dilegim-de päkdir.
18 Eý, toprak, ganymyň üstüni örtme, Perýadym asla diňmesin.
19 Ine, şu pursat şaýadym gökde, Hemaýatkärim ýokarda.
20 Dostlarym meni masgaralaýarlar, Hudaýa göz-ýaş edýän.
21 Adamzat ogly bilen goňşusynyň arasynda bolşy ýaly, Ynsan bilen Hudaýyň arasynda-da bir töwellaçy bolsady!
22 Barsa-gelmeze giderin Birnäçe ýyldan».