Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 4

Teýmanly Elipaz söze başlap, şeýle diýdi:
2 «Seniň bilen sözleşmäge synanyşsak, saňa agyr degmezmi? Geplemekden saklanyp bilýän barmy näme?
3 Ine, sen köplere tälim berdiň, Ejizlere medet berdiň.
4 Sözleriň büdreýänlere goldaw boldy, Ikirjiňlenýänleri berkitdiň.
5 Emma indi öz başyňa gelende, ruhdan düşýäň, Bela uçraňda, özüňi ýitirýäň.
6 Ynamyň Hudaýdan gorkmakda, Umydyň päk durmuşda dälmi?
7 Ýadyňa sal, heý, bigünäniň ýogalany barmy? Dogruçyllaryň heläk bolany barmy?
8 Görşüme görä pislik sürümini geçirip, Hasraty ekýänler, Şony-da orýandyrlar.
9 Olar Hudaýyň demi bilen heläk bolýarlar, Onuň gazaby bilen ýok bolýarlar.
10 Arslanyň arryldysy, gazaply şiriň sesi kesilýär, Çaga arslanlaryň dişleri syndyrylýar.
11 Güýçli arslan awsyzlykdan heläk bolýar, Ene arslanyň çagalary pytradylýar.
12 Maňa gizlinlikde bir söz geldi, Gulagyma bir pyşyrdy ildi.
13 Gijeki görnüşlerden dörän pikirler içinde, Ynsanlary agyr uky basýan mahalynda,
14 Meni gorky, titreme gaplady, Bütin bedenim sarsdy.
15 Bir ruh ýüzümi syryp geçip gitdi, Endamymyň tüýleri syh-syh boldy.
16 Ol ümsüm durdy, Ýöne onuň keşbini saýgaryp bilmedim. Gözümiň alnynda bir syrat durdy, Ümsümlikdi, soň bir ses eşitdim:
17 „Heý-de, ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi? Ynsan öz Ýaradyjysyndan päk bolup bilermi?
18 Ol hatda Öz gullaryna ynam etmeýär, Öz perişdelerinden ýalňyşlyk tapýar.
19 Onsoň Ol toýundan ýaradylan ynsana neneň ynam etsin! Olaryň esasy tozdandyr, Olar güýeden tiz gyrylýandyrlar.
20 Ertir bilen agşam aralygynda ýitirim bolýarlar, Hiç kimiň gözüne ilmän ebedi ýok bolýarlar.
21 Olaryň ömür tanaplary kesilip, Dünýäden paýhassyz ötüp gidýärler“».