Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 26

Eýýup şeýle diýdi:
2 «Sen kuwwatsyza nähili ýardam etdiň! Güýçsüze nähili medet berdiň!
3 Akmaga nähili paýhas berdiň, Paýhassyza nähili öwüt berdiň!
4 Bu sözleri saňa öwreden kim? Sen arkaly gepleýän kimiň ruhy?
5 Çuň suwlaryň astyndaky ölüler Öz mekanlarynda titreşýärler.
6 Hudaýyň öňünde ölüler dünýäsi ýalaňaçdyr, Heläkçilik ýeriniň örtügi ýokdur.
7 Hudaý gökleri boşlugyň üstüne ýazýar, Ýeri-de hiç zatdan asýar.
8 Suwlary bulutlaryň içinde saklaýar, Bulutlar olaryň agramyna böwsülmeýär.
9 Tagtynyň ýüzüni büreýär, Üstüni bulut bilen örtýär.
10 Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna, Suwlaryň ýüzüne serhet çekdi.
11 Gögüň sütünleri sarsýar, Hudaýdan gorkularyna titreşýär.
12 Güýji bilen deňzi togtatdy Ol, Äpet Rahaby ýok etdi paýhasy bilen.
13 Gökler Onuň demi bilen gözel boldy, Aždarhany eli bilen ýok etdi.
14 Ujypsyzja bölegidir bular Onuň ýollarynyň, Ol hakda eşidýänlerimiz, gör, nähili az! Düşünip biljek barmy gudratynyň beýikligine Onuň?»