Bap 29
Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Wah, men ýene öňki aýlara dolanyp barsadym! Hudaýyň meni goran günlerindäki ýaly bolsadym!
3 Şol wagtlar Hudaýyň çyrasy depäme nur saçardy, Garaňkylykda Onuň nury bilen ýörärdim.
4 Jahylkam Hudaý maňa ýar bolup, Çadyrymy gorapdy.
5 Şol döwürde Gudratygüýçli meniň bilendi, Çagalarymyňam bary töweregimdedi.
6 Ýollarym süýt bilen ýuwlardy, Gaýadan zeýtun ýagy akardy!
7 Şäher derwezesine baranymda, Meýdançada oturmaga ýerime geçenimde,
8 Ýaşlar meni görüp, ýol bererdiler, Garrylar-da ör turardylar.
9 Han-begler-de gürrüňlerini bes edip, Elleri bilen agyzlaryny tutardylar.
10 Baştutanlardan ses-üýn çykmazdy, Olar meniň öňümde lal-jim bolardylar.
11 Sözümi eşiden meni öwerdi, Gören-de, meni taryplardy.
12 Çünki men haraý islän garyby, Kömege mätäç ýetimi halas ederdim.
13 Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym, Dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.
14 Dogruçyllygy eşik kimin geýdim, Ol meni örtdi; Adalatym bolsa don we selle kimindi.
15 Körlere gözdüm, Agsaklara-da aýakdym.
16 Garyplara atadym, Ýatlaryň hukuklaryny gorardym.
17 Erbetleriň äňini ýazdyryp, Awuny agyzlaryndan alardym.
18 Men öz ýanymdan şeýle pikir ederdim: „Günlerim çäge kimin köp bolup, Öz öýümde asudalykda ölerin.
19 Köklerim suwlara tarap ýaýrap, Şahalaryma bütin gije çyg düşýär.
20 At-abraýym könelmez, Ýaýym elimde bolar elmydam“.
21 Hemmeler sözlerime sabyrly gulak goýup, Maslahatymy ses-üýnsüz diňlärdiler.
22 Sözümi soňlanymdan soň, meniň bilen dawalaşýan bolmazdy, Sözlerim ýagyş damjalary kimin ýakymlydy olara.
23 Ýagşa garaşyşlary ýaly maňa garaşardylar, Sözlerimi ýaz ýagşy deý içerdiler.
24 Ýylgyryp bakanymda, gözlerine ynanmazdylar, Nurana ýüzümden ruhlanardylar.
25 Olara baş bolup, ýol görkezýän mendim, Leşgerleriň arasyndaky şa kimin, Ýas tutýanlara göwünlik berýän adam ýaly ýaşardym».