Eýýup

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42


Bap 27

Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Hakymdan mahrum eden Hudaýyň, Maňa ajy hasrat çekdiren Gudratygüýçliniň adyndan ant içýän,
3 Içimde janym, Burnumda Hudaýyň demi barka,
4 Haky sözlärin diňe, Dilime alman nähak söz.
5 Sizi aklamaryn asla, Tä ölýänçäm, päkligimde galaryn.
6 Dogrulygymy pugta saklaryn, goýbermen, Ömürboýy paş etmez meni wyždanym.
7 Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe, Garşydaşlarym pisleriň gününe düşsün!
8 Hudaý hudaýsyzy ýok edip, janyny alansoň, Onda näme umyt bolsun?
9 Üstüne betbagtçylyk abananda, Hudaý onuň perýadyny eşidermi?
10 Gudratygüýçliden hoşal bolarmy ol? Ol her zaman medet dilärmi Hudaýdan?
11 Size Hudaýyň gudratyny, Ýaşyrman aýan ederin Gudratygüýçliniň ýollaryn.
12 Muny öz gözüňiz bilen gördüňiz, Näme üçin beýle boş gürrüň edýäňiz?
13 Şudur Hudaýyň pislere berjek paýy, Gudratygüýçliniň zalymlara berjek mirasy:
14 Näçe köp bolsa-da, ogullary gylyçdan gyrylýarlar, Zürýatlary-da açlykdan.
15 Aman galanlary gyrgyndan ölüp gömlerler, Dul hatynlary ýasyn tutmaz olaryň.
16 Kümşi çäge kimin ýygnap, Geýim baryn toplasalar-da,
17 Dogruçyllar geýer olary, Bigünäler paýlaşarlar ol kümüşleri.
18 Höwürtgeler ýaly, Sakçyň çatmasy ýaly Dikýärler öýlerini.
19 Barly baýlyk bilen uka gidenem bolsa, Gözüni açanda, tapmaz baýlygyn.
20 Olary gorky basýar sil kimin, Gijesine tüweleý uçuryp äkidýär.
21 Sörtük ýeli öz ugruna göterip äkidýär, Olary öz mesgenlerinden süpürip taşlaýar.
22 Gazap bilen üstlerine okdurylýar ýel, Bu gazaply ýelden gaçmaga synanyşýarlar.
23 Ýel olara el çarpyp, Ýerinden sykylyk atýar.»