Bap 5
«Hany, çagyr, jogap beren tapylarmyka? Sen perişdeleriň haýsyna ýüzlenjek?
2 Akmagy gahar-gazap öldürýär, Nadany gabanjaňlyk ýok edýär.
3 Kök urýan akmaklary gördüm, Emma olaryň öýleri duýdansyz näletlendi.
4 Çagalary howpsuzlykdan uzakdyr, Adalatdan mahrum edilýärler olar, Howandarlyk edýän ýokdur olara.
5 Açlar akmaklaryň hasylyny iýýärler, Ony tikenleriň arasyndan ýygyp alýarlar, Açgözler baýlyklaryny ýuwudýarlar.
6 Çünki muşakgatlyk toprakdan çykmaz, Hasrat-da ýerde bitmez.
7 Uçgunyň ýokaryk uçuşy dek, Ynsan hasrat üçin dogulýar.
8 Men bolsam Hudaýa ýüz tutardym, Dawamy Oňa tabşyrardym.
9 Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär, San-sajaksyz gudratlary görkezýär.
10 Ýer ýüzüne ýagyş ýagdyryp, Meýdanlary suwarýan-da Oldur.
11 Ol kemsidilenleri arşa çykarýar, Gussalylar howpdan dynýar.
12 Hilegärleriň niýetlerini bozýar Ol, Guran hilelerini puja çykarýar.
13 Akyllysyraýany öz hilesinde tutýar, Mekirleriň maslahaty ýele sowrulýar.
14 Gündizleri garaňkylyga öwrülip, Gündiziň günortany gije dek sermeşip gezýärler.
15 Ol mätäçleri gylyçdan, Güýçlileriň dilinden hem elinden halas edýär.
16 Şeýdip, pukaralarda umyt bolýar, Adalatsyzlyk agzyny ýumýar.
17 Gör, nähili bagtly Hudaýyň terbiýeleýäni! Gudratygüýçliniň temmisini ret etme.
18 Çünki ýaralaýan-da Ol, saraýan-da Ol, Şikes ýetirýän-de Ol, şypa berýän-de Ol.
19 Ol seni alty betbagtçylykdan gutarar, Ýedinjiden-de saňa zyýan ýetmez.
20 Ol seni açlykda ölümden, Uruşda gylyçdan gutarar.
21 Ol seni duzly dilden gorar, Gyrgyn gelende, sen gorkmarsyň.
22 Gyrgynyň, açlygyň üstünden gülersiň, Ýabany haýwanlardan heder etmersiň.
23 Meýdan daşlary bilen dil tapyşarsyň, Ýabany haýwanlar bilen agzybir bolarsyň.
24 Çadyryňyň asudalykdadygyny bilersiň, Süriňe göz aýlaňda, sany tükel bolar.
25 San-sajaksyz nesil görersiň, Zürýatlaryň ýaýladaky otlar kimin bolar.
26 Öz möwsüminde harmana ýygnalýan galla desseleri dek Sen hem gabra gojalyp girersiň.
27 Derňew geçirdik, bu hakykatdyr, Muny diňle-de, özüň üçin belläp al».