Bap 21
Eýýup şeýle diýdi:
2 «Dykgat bilen gulak goýuň sözüme, Goý, bu siziň maňa berjek teselliňiz bolsun.
3 Gezek beriň, men gepläýin, Sözümi gutaranymdan soň masgaralaň.
4 Ynsana arz-şikaýat edýänmi men? Neneň janym ýanmasyn?
5 Halyma seredip, akylyňyz çaşsyn, Eliňizi agzyňyza tutuň.
6 Derdimi ýada salanymda, galagoplanýaryn, Süňňüme galpyldy aralaşýar.
7 Näme üçin pisler ýaşaýarlar, Gojalyga ýetip, gujur-gaýratlary artýar?
8 Perzentleri ýanlarynda, Zürýatlary gözleriniň alnynda.
9 Öýlerinde howpsuzlykda, gorkusyz ýaşaýarlar, Hudaý-da olara jeza bermeýär.
10 Öküzleri kemsiz örňeýär, Sygyrlary guzlar, göle düşürmez.
11 Çagalaryny süri kimin ýola salýarlar, Oglanlary tans edişýärler.
12 Deprek, barbat bilen aýdym aýdyşyp, Şatlanýarlar olar tüýdük sesine.
13 Ömürlerini hoşwagtlykda geçirip, Ölüler dünýäsine asudalykda girýärler.
14 Pisler Hudaýa şeýle diýýärler: „Bizi öz günümize goý! Çünki biz Seniň ýoluňy öwrenmek islemeýäris.
15 Gudratygüýçli kim bolupdyr Oňa sežde ederimiz ýaly? Oňa dileg edip, görýän haýrymyz näme?“
16 Rowaçlygy öz ellerinde dälmi näme? Pisleriň nesihaty menden uzakda bolsun!
17 Pisleriň çyrasy näçe gezek öçdi? Başlaryna üznüksiz betbagtçylyk abananyny gördüňmi? Hudaý gazabyna olary görgä duçar edýärmi?
18 Haçan olar ýele sowrulýan saman ýaly, Tüweleý öňündäki saman çöpi ýaly boldular?
19 Siz: „Hudaý atalarynyň jezasyny çagalaryna çekdirýär“ diýýäňiz. Goý, atalaryň muny bileri ýaly, Hudaý olara almytyny bersin.
20 Atalar heläkçiligini öz gözleri bilen görsünler, Olar Gudratygüýçliniň gazabyndan içsinler.
21 Çünki bu dünýäden ötensoňlar, Yzlarynda galan hojalygyndan näme gaýgysy bolsun?
22 Gökdäkilere höküm edýän Hudaýa akyl berip biljek barmydyr?
23 Biri sagatka ölýär, Büs-bütin rahat we gaýgysyz.
24 Eti-gany ýerinde bolup, Süňkleri ýilikden doludyr.
25 Beýleki biri dert çekip, Gowulyga gözi düşmän ölýär.
26 Olar toprak astynda bile ýatýarlar, Üstlerini gurtlar basýar.
27 Bilýän men siziň pikirleriňizi, Garşyma edýän dildüwşükleriňizi.
28 Çünki siz: „Asylzadaň öýi nirede? Pisleriň çadyry nirede?“ diýýäňiz.
29 Ýolagçylardan soramadyňyzmy? Şaýatlyklaryna gulak asmadyňyzmy?
30 Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.
31 Pisleriň hereketlerini kim ýüzlerine basjak? Etmişlerine görä kim olara jeza berjek?
32 Olar gabra getirilende, Mazarlarynyň başynda sakçy goýulýar.
33 Jaýlanan topragy olara ýakymlydyr, Hemmeler olaryň yzyna düşerler, Olaryň öňünden gidenler san-sajaksyzdyr.
34 Siz boş sözleriňiz bilen maňa näme teselli berjek? Bar diýýän zatlaryňyz galpdyr».