Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 8

Nuh hem-de onuň bilen gämide bolan haýwanlardyr mallaryň ählisini Hudaý ýatdan çykarmandy. Hudaý ýerde şemal öwüsdirdi; suw çekilmäge başlady.
2 Düýpsüz çuňlugyň çeşmeleri beklendi, Gökleriň penjireleri ýapyldy, Gökdäki ýagyş diňdi.
3 Suw ýer ýüzünden kem-kemden çekildi; ýüz elli günden soň suw peseldi.
4 Gämi ýedinji aýyň on ýedisi güni Ararat daglarynda saklandy.
5 Onunjy aýa çenli suw peselmegini dowam etdi; onunjy aýyň biri güni daglaryň başy göründi.
6 Kyrk günden soň Nuh öz ýasan gämisiniň penjiresini açdy-da, bir gargany çykaryp, uçuryp goýberdi; garga tä ýer guraýança uçup geziberdi.
8 Soňra suwuň ýerden doly çekilendigini ýa-da çekilmändigini bilmek üçin Nuh bir kepderini uçuryp goýberdi.
9 Kepderi gonara ýer tapman, onuň ýanyna gämä dolanyp geldi, çünki ýeriň ýüzi entek hem suw bilen örtülendi. Nuh elini uzadyp kepderini tutdy-da, ony öz ýanyna gämä aldy.
10 Nuh ýedi gün garaşandan soň, ýene-de kepderini uçuryp goýberdi.
11 Kepderi agşam onuň ýanyna dolanyp geldi. Bu gezek onuň agzynda zeýtun agajynyň täze ýolnan ýapragy bardy. Nuh suwuň ýerden çekilendigine göz ýetirdi.
12 Ol ýene ýedi gün garaşandan soň, kepderini üçünji gezek iberdi. Kepderi bu sapar yzyna dolanmady.
13 Nuhuň ömrüniň alty ýüz birinji ýylynyň ilkinji aýynyň birine suw ýerden çekilipdi. Nuh gäminiň örtügini aýryp seretdi; ýeriň ýüzi sarygypdy.
14 Ikinji aýyň ýigrimi ýedisine ýer bütinleý gurady.
15 Reb Nuha: «Aýalyň, ogullaryň we gelinleriň bilen gämiden çyk. Ýanyňda bar bolan janly-jandarlaryň ählisini – ähli haýwanlary: guşlary, mallardyr süýrenijileri ýeriň ýüzüne ýaýrap, örňäp, köpeleri ýaly özüň bilen gämiden alyp çyk» diýdi.
18 Nuh aýaly, ogullary we gelinleri bilen gämiden çykdy.
19 Ähli haýwanlar, ähli süýrenijiler, ähli guşlar – ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlar öz görnüşleri bilen gämiden çykdylar.
20 Nuh Reb üçin gurbanlyk sypasyny ýasady; ol halal haýwanlardyr guşlaryň birnäçesini aldy-da, olary gurbanlyk sypasynyň üstünde goýup, Rebbe ýakma gurbanlyk berdi.
21 Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan janly-jandarlary şu edişim ýaly heläkçilige duçar etmerin.
22 Indiden beýläk ýerde, Ekişdir orumyň, aňzakdyr jöwzanyň, Tomusdyr gyşyň hem-de gije-gündiziň, Ömürboýy yzy üzülmez». ‎