Bap 37
Ýakup öz kakasynyň gelmişek bolup mesgen tutan ýurdy bolan Kenganda ýaşaýardy.
2 Ýakubyň maşgalasynyň kyssasy şeýledir. On ýedi ýaşly bolan Ýusup, öweý ejeleri Bilhadan we Zilpadan bolan doganlary bilen bile süri bakýardy. Ýusup doganlarynyň eden işlerini kakasyna şugullaýardy.
3 Ysraýyl Ýusuby beýleki ogullaryndan has gowy görerdi, çünki ol Ýakubyň garran wagty doglupdy. Ýakup oňa aýratyn don tikipdi.
4 Ýusubyň doganlary öz kakalarynyň Ýusuby özlerinden has ileri tutýandygyny gördüler. Şoňa görä-de olar Ýusuby ýigrenerdiler we olaryň Ýusup bilen sözleri alyşmazdy.
5 Bir gün Ýusup düýş gördi. Ol düýşüni doganlaryna gürrüň berende, olar Ýusuby öňkülerindenem beter ýigrendiler.
6 Ýusup olara şeýle diýdi: «Diňläň, men şeýle düýş gördüm.
7 Biz ekin meýdanynda desse bogýarmyşyk. Birdenkä meniň dessäm ýerinden galyp, dikelip durýarmyşyn; siziň desseleriňiz bolsa onuň daşyna aýlanyp, oňa baş egýärmişler».
8 Doganlary Ýusuba: «Bäh, sen biziň üstümizden hökümdarlyk edäýermikäň, bizi dolandyraýarmykaň?» diýdiler. Şeýdip, olar Ýusuby düýşi hem-de özleri barada aýdan sözleri üçin has-da beter ýigrendiler.
9 Ýusup ýene bir düýş gördi we ol ony-da doganlaryna gürrüň berdi. Ol: «Men ýene bir düýş gördüm. Onda Gün, Aý hem-de on bir sany ýyldyz maňa baş egýärmişler» diýdi.
10 Ýusup muny kakasyna-da, doganlaryna-da gürrüň berdi. Kakasy oňa käýäp: «Bu nähili düýş boldugy? Bäh, men, ejeň, doganlaryň hemmämiz saňa iki bükülip tagzym etmeli bolaýarmykak?» diýdi.
11 Şeýdip, doganlary Ýusuba gabanjaňlyk edýärdiler, ýöne bu sözler onuň kakasyny oýa batyrdy.
12 Bir gün Ýusubyň doganlary kakalarynyň dowarlaryny bakmaga Şekeme giden wagtlarynda, Ysraýyl Ýusuba: «Doganlaryň Şekemde dowarlary bakyp ýörler. Sen olaryň ýanyna gidip gel» diýdi. Ýusup: «Bolýar, gidäýerin» diýdi.
14 Ýakup Ýusuba: «Git-de, doganlaryňdan habar al. Janlary sagmyka, dowarlar tükelmikä, bilip gel» diýip, ony Hebron deresiniň içi bilen ugratdy. Ýusup Şekeme geldi.
15 Meýdanda ondan-oňa aýlanyp ýörkä, oňa bir adam duşup: «Näme ideýärsiň?» diýip sorady.
16 Ýusup: «Doganlarymy ideýärin. Aýtsana, olar mallaryny nirede bakýarkalar?» diýdi.
17 Ol adam: «Olar bu ýerden gitdiler, men olaryň: „Dotana gideliň“ diýenlerini eşitdim» diýdi. Ýusup doganlarynyň yzyndan gidip, olary Dotandan tapdy.
18 Doganlary Ýusuby uzakdan görüp, heniz ýakynlaşmanka, ony öldürmegiň kastyna çykdylar.
19 Olar biri-birlerine: «Hanha, düýşüň ussady gelýär.
20 Geliň, ony öldürip, şu gurruk guýylaryň birine taşlalyň-da, ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir diýeliň. Onsoň göreli-bakaly, onuň düýşleri çyn bolup çykaýarmyka!» diýişdiler.
21 Muny Ruben eşidip: «Ýok, ony öldürmäliň» diýip, Ýusuby halas etmäge çalyşdy.
22 Ýusuby bularyň elinden halas etmek we ony sag-aman yzyna, kakasynyň ýanyna ibermek üçin, Ruben olara: «Ony şu çöldäki guýa taşlaň, ýöne oňa el gatyp, ganyna galaýmaň!» diýdi.
23 Ýusup doganlarynyň ýanyna gelende, olar onuň egnindäki aýratyn donuny sypyrdylar-da, Ýusuby gurruk guýa taşladylar.
25 Olar naharlanmaga oturanlarynda, Gilgatdan ysmaýyllaryň kerweniniň gelýändigini gördüler. Düýelere hoşboý ysly otlar, melhem hem-de ladan ýüklenendi. Olar bu ýükleri Müsüre alyp barýardylar.
26 Ýahuda doganlaryna: «Doganymyzy öldürip, ganhorlugymyzy gizlänimiz bilen gazanýan zadymyz näme?!
27 Geliň, ony ysmaýyllara satalyň, goý, ol biziň elimizden jebir çekmesin, ol biziň jan ýaly doganymyzdyr, öz süýegimizdir» diýdi. Doganlary Ýahuda gulak asdylar.
28 Midýan täjirleri ol ýerden geçip barýarkalar, doganlary Ýusuby guýudan çykaryp, ony ýigrimi kümüş teňňä ysmaýyllara satdylar. Olar bolsa Ýusuby Müsüre alyp gitdiler.
29 Ruben guýa gaýdyp geldi we ol ýerden Ýusuby tapmansoň, ýakasyny ýyrtyp zarynlady.
30 Ol doganlarynyň ýanyna baryp: «Oglan ýok, indi men nädeýin!» diýdi.
31 Onsoň olar bir erkeji soýup, Ýusubyň donuny onuň ganyna buladylar.
32 Olar Ýusubyň aýratyn donuny kakalarynyň ýanyna eltip: «Biz bu dony tapdyk, seret, bu seniň ogluňyň don-a däldir-dä?» diýdiler.
33 Ýakup dony tanap: «Bu oglumyň dony! Ony bir ýyrtyjy haýwan iýipdir; Ýusup şek-şübhesiz parçalanypdyr» diýip aglady.
34 Ýakup ýakasyny ýyrtyp zarynlap, ençeme günläp oglunyň ýasyny tutdy.
35 Ýakubyň ähli ogullarydyr gyzlary gelip, oňa göwünlik berjek boldular, emma oňa göwünlik berip bilmediler. Ýakup: «Şu hasratym bilen olüler dünýäsindäki oglumyň ýanyna gitjek» diýdi. Şeýdip, kakasy Ýusubyň ýasyny tutmagyny dowam etdirdi.
36 Şol arada midýanlar Ýusuby Müsürde fyrownyň janpenalarynyň baştutany Potypara satypdylar.