Bap 36
Ysawyň, ýagny Edomyň nesilleri şulardyr.
2 Ysaw Kengan gyzlaryna öýlendi. Ol het Eýlonyň gyzy Ada, hiwi Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama hem-de Ysmaýylyň gyzy, Nebaýotyň aýal dogany Bosmata öýlendi.
4 Ada Ysawa Elipazy, Bosmat Reguwaly,
5 Oholybama bolsa Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi. Ine, şular Ysawyň Kengan ýurdundaka doglan ogullarydyr.
6 Ysaw aýallaryny, ogul-gyzlaryny, hojalygyndakylaryň ählisini, mallaryny hem-de Kenganda gazanan ähli emlägini alyp, dogany Ýakubyň ýanyndan aýrylyp, başga ýere gitdi.
7 Olaryň maly juda köpdi. Şeýle bolansoň, olar bir ýerde ýaşap biljek däldiler, olaryň dowarlaryna öri darlyk edýärdi.
8 Ysaw, ýagny Edom Segir daglygynda ýaşady.
9 Segir daglygyndaky edomlaryň atasy bolan Ysawyň nesilleri şulardyr.
10 Olaryň atlary şeýledir: Ysawyň aýaly Adadan bolan ogly Elipaz, Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogly Reguwal.
11 Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Gatam we Kenaz.
12 (Timna Ysawyň ogly Elipazyň gyrnak aýalydy. Ol Elipaza Amalegi dogrup berdi.) Şular Ysawyň aýaly Adadan bolan ogullarydyr.
13 Reguwalyň ogullary: Nahat, Zera, Şamma we Miza. Bular Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
14 Ysawyň aýaly, Sibgonyň ogly, Ananyň gyzy Oholybama Ysawa şu ogullary: Ýeguşy, Ýaglamy we Korany dogrup berdi.
15 Ysawyň nesillerinden dörän urugbaşylar şulardyr: Ysawyň nowbahar ogly Elipazyň ogullary: Teýman, Omar, Sepo, Kenaz, Kora, Gatam we Amalek. Şular Elipazyň Edom ýurdundaky ogullarydyr; olar Ysawyň Adadan bolan ogullarydyr.
17 Ysawyň ogly Reguwalyň ogullary şulardyr: urugbaşylar Nahat, Zera, Şamma, Miza. Bular Reguwalyň Edom ýurdundaky ogullarydyr. Olar Ysawyň aýaly Bosmatdan bolan ogullarydyr.
18 Ysawyň aýaly Oholybamadan bolan ogullary: Ýeguş, Ýalam, Kora. Bular Ysawyň Ananyň gyzy Oholybamadan bolan ogullarydyr.
19 Bularyň hemmesi Ysawyň ýagny Edomyň ogullarydyr.
20 Hory Segiriň ogullary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan. Olar ýurduň ýaşaýjylarydyr we horlaryň urugbaşylarydyr. Bular Segiriň Edom ýurdundaky ogullarydyr.
22 Lotanyň ogullary şulardyr: Hory, Heýman. Timna Lutuň aýal doganydy.
23 Şobalyň ogullary: Alwan, Manahat, Eýbal, Şepo, Onam.
24 Sibgonyň ogullary: Aýa, Ana (bu şol kakasynyň eşeklerini bakyp ýörkä, çölde gyzgyn suwly çeşmeleri tapan Anadyr).
25 Ananyň çagalary: Dişon we gyzy Oholybama.
26 Dişonyň ogullary: Hemdan, Eşban, Ýitran, Keran.
27 Ezeriň ogullary: Bilhan, Zagawan, Akan.
28 Dişanyň ogullary: Us, Aran.
29 Segir ýurdundaky uruglaryna görä hory urugbaşylary şulardyr: Lotan, Şobal, Sibgon, Ana, Dişon, Ezer, Dişan.
30
31 Ysraýyllara hiç bir patyşa şalyk etmezden öňki Edom ýurdunda höküm süren patyşalar şu aşakdakylardyr.
32 Begoryň ogly Bala Edomda patyşalyk etdi. Onuň paýtagt galasynyň ady Dinhabadyr.
33 Bala dünýäden ötüp, onuň ýerine Bosra galasyndan bolan Zeranyň ogly Ýobap patyşa boldy.
34 Ýobap dünýäden ötüp, onuň ýerine teýmanly Huşam patyşa boldy.
35 Huşam dünýäden ötüp, onuň ýerine Mowap topragynda midýanlary ýeňen, Bedatyň ogly Hadat patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Awytdy.
36 Hadat dünýäden ötüp, onuň ýerine masrekaly Samla patyşa boldy.
37 Samla dünýäden ötüp, onuň ýerine Perat derýasynyň boýundaky Rehobotdan bolan Şawul tagta çykdy.
38 Şawul dünýäden ötüp, onuň ýerine Akboryň ogly Bagalhanan patyşa boldy.
39 Akboryň ogly Bagalhanan dünýäden ötüp, onuň ýerine Hadar patyşa boldy. Onuň paýtagt galasynyň ady Pagudyr. Meýzahabyň agtygy, Matrediň gyzy Meheýtabel onuň aýalydyr.
40 Uruglary, ýurtda mesgen tutýan ýerleri hem atlary boýunça Ysawdan dörän Edom urugbaşylary şulardyr: Timna, Alwa, Ýetet, Oholybama, Ela, Pinon, Kenaz, Teýman, Mibsar, Magdyýel, Iram. Bu uruglaryň hemmesi Ysawdan dörediler.