Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 45

Ýusup hyzmatkärleriniň öňünde mundan artyk saklanyp bilmän: «Hemmeleri şu ýerden çykar» diýip gygyrdy. Ýusup öz doganlaryna syryny açanda, onuň ýanynda doganlaryndan başga adam ýokdy.
2 Ýusup ses edip aglady. Onuň sesi müsürlilere we fyrownyň köşgündäkilere eşidildi.
3 Ýusup doganlaryna: «Men Ýusup, kakam dirimi?» diýdi. Emma onuň doganlary muny eşidende, olaryň Ýusupdan gorkularyndan ýaňa dilleri tutuldy.
4 Ýusup olara: «Golaýragyma süýşseňizläň» diýdi. Olar Ýusubyň golaýyna geldiler. Ol sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men siziň Müsüre satan doganyňyz Ýusupdyryn.
5 Siz meni bu ýere satandygyňyz üçin gam çekip, puşman etmäň, çünki Hudaý adamlaryň janyny gorap saklamak üçin meni siziň öňüňizden Müsüre iberdi.
6 Çünki ýer ýüzünde iki ýyldan bäri açlyk dowam edýär. Ýene-de bäş ýyllap ekin-tikinde, hasyl-da bolmaz.
7 Ýer ýüzünde siziň nesilleriňizi aman galdyrmak we sizi beýik gutulyş bilen halas etmek üçin Hudaý meni siziň öňüňizden iberdi.
8 Şoňa görä-de meni bu ýere siz däl-de, Hudaý iberdi. Hudaý meni fyrowna ata hökmünde goýup, onuň bütin köşgüniň eýesi etdi. Men tutuş Müsüriň hökümdarydyryn.
9 Haýal etmän gidiň-de kakamyň ýanyna baryp, oňa şeýle diýiň: „Ogluň Ýusup şeýle diýýär: ‘Hudaý meni tutuş Müsüriň hökümdary etdi, sen eglenmän meniň ýanyma gel.
10 Sen Goşen welaýatynda mesgen tutarsyň; sen we seniň çagalaryňdyr agtyklaryň, ownukly-irili mallaryň, mahlasy, özüňde bar bolan ähli zatlaryň bilen meniň golaýymda bolarsyň.
11 Bu açlyk ýene bäş ýyla çekjek. Siziň hiç biriňiz mätäçlik çekmez ýaly, men ol ýerde seni we seniň hojalygyňy hem ähli mallaryňy zerur zatlar bilen üpjün ederin’“.
12 Meniň hakykatdan-da Ýusupdygymy siziň hemmäňiz we inim Benýamin-de öz gözüňiz bilen görüp dursuňyz.
13 Siz kakama meniň Müsürdäki şan-şöhratym, bu ýerde gören zatlaryňyzyň ählisi hakynda gürrüň beriň we ony tizräk şu ýere alyp geliň».
14 Soňra ol öz inisi Benýamini gujaklap aglady. Benýamin hem ony gujaklap aglady.
15 Ýusup aglap, ähli doganlaryny gujaklap ogşady. Diňe şondan soň doganlary onuň bilen gepleşmäge başladylar.
16 Ýusubyň doganlarynyň gelendigi hakyndaky habar fyrownyň köşgüne baryp ýetdi. Muňa patyşa-da, onuň emeldarlary-da begendiler.
17 Fyrown Ýusuba şeýle diýdi: «Doganlaryňa şeýle diý: „Eşekleriňizi ýükläň-de, Kengana dolanyň.
18 Kakaňyzy hem, maşgalalaryňyzy hem alyp, meniň ýanyma geliň. Men Müsüriň iň saýlantgy ýerini size bererin. Siz mes toprakly ýurduň hasylyndan iýip doýarsyňyz“.
19 Olara ýene-de şeýle diý: „Çagalaryňyz hem aýallaryňyz üçin Müsürden arabalar alyp, olary kakaňyz bilen bile şu ýere getiriň.
20 Yzyňyzda galjak goş-golamlaryňyzyň aladasyny etmäň, çünki bütin Müsüriň saýlantgy näz-nygmatlary siziňki bolar“».
21 Ysraýylyň ogullary aýdylyşy ýaly-da etdiler. Fyrownyň tabşyrygy boýunça Ýusup olara arabalar hem ýol azygyny berdi.
22 Ýusup bularyň Benýaminden başgasynyň hersine bir laý, Benýamine bolsa üç ýüz kümüş teňňe bilen bäş laý geýim-gejim berdi.
23 Kakasyna on erkek eşegi Müsüriň iň saýlama näz-nygmatlaryndan, on urkaçy eşegi bolsa kakasyna Müsüre gaýdyşyn ýol azygy bolar ýaly galladan, çörekden we azykdan ýükläp iberdi.
24 Onsoň Ýusup doganlaryny ugradyp, olara: «Ýolda dawalaşaýmaň» diýdi.
25 Şeýdip, olar Müsürden gaýdyp, Kengana kakalary Ýakubyň ýanyna dolanyp geldiler.
26 Olar kakalaryna: «Ýusup diri, ol tutuş Müsüriň hökümdary» diýip habar berdiler. Ýakup doňup galdy, çünki ol eşidýän zatlaryna ynanyp bilmedi.
27 Emma olar Ýusubyň aýdanlarynyň ählisini Ýakuba gürrüň berenlerinden soň we özüni äkitmek üçin Ýusubyň iberen arabalaryny görenden soň, Ýakubyň ýüregi ýerine geldi.
28 Ysraýyl: «Ýusubym diri, bes! Ölmänkäm gidip, onuň didaryny bir göreýin!» diýdi. ‎