Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 19

Agşamara hälki iki perişde Sodom galasyna geldi. Lut galanyň derwezesinde otyrdy. Ol perişdeleriň gelýänini görüp, ýerinden turup, olaryň öňlerinden çykyp, olara iki bükülip tagzym etdi.
2 Lut: «Eý, jenaplar, aýagyňyzy ýuwuň-da, bu gije öýüme myhman boluň. Ertir ir bilen turup, ýoluňyzy dowam etdirersiňiz!» diýdi. Olar: «Ýok, biz gijäni meýdançada geçireris» diýdiler.
3 Lut ýüreginden syzdyryp ýalbaransoň, olar onuň öýüne sowuldylar. Ol perişdeleri hezzetläp, olara petir bişirip berdi. Olar naharlandylar.
4 Olar ýatmazdan öň, Sodomyň ýaşu-garry ähli erkek adamlary Lutuň öýüniň daşyny gabadylar.
5 Olar Luta: «Şu gije öýüňe gelen adamlar nirede? Olary biziň ýanymyza çykar, biz olar bilen ýatjak» diýip gygyryşdylar.
6 Lut daşary çykyp, gapyny daşyndan ýapdy we ýygnanan adamlara: «Eý doganlar, gabahatlykdan el çekiň.
7
8 Meniň iki sany boý gyzym bar. Men şolary siziň eliňize bereýin. Siz olara islän zadyňyzy edäýiň, ýöne bu adamlara degmäň. Olar meniň öýümi penalap geldiler» diýdi.
9 Emma olar Luta: «Aýryl gapydan» diýdiler. Olar soňra: «Gelmişek halyňa bize akyl öwretjek bolýaňmy? Indi biz seni olardan hem beter ederis» diýşip, gapyny döwmek üçin Luta topuldylar.
10 Emma içerdäki adamlar gapyny açyp, Luty içeri saldylar-da, gapyny ýapdylar.
11 Olar gapynyň agzynda duranlaryň uludan-kiçä ählisiniň gapyny tapyp bilmezleri ýaly gözlerini kör etdiler.
12 Adamlar Luta şeýle diýdiler: «Seniň bu ýerde ýene kimiň bar? Ogul-gyzyňmydyr, giýewiňmidir, garaz, galadaky özüňe degişli adamlaryň ählisini al-da, bu ýerden çyk.
13 Biz Sodomy weýran etjekdiris. Reb bu ýeriň halkyna garşy edilýän uly ahy-nalalary eşidip, bizi Sodomy weýran etmäge iberdi».
14 Lut özüne giýewi boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.
15 Daň atandan soň perişdeler: «Şäher weýran edilende heläk bolmazyňyz ýaly, aýalyň bilen ýanyňdaky iki gyzyňy hem al-da, bu ýerden çyk!» diýip, Luty gyssap başladylar.
16 Emma Lut ikirjiňlendi. Şol wagt adamlar Lutuň, onuň aýalynyň hem iki gyzynyň elinden tutup, Rebbiň merhemeti bilen olary aman-sag galadan alyp çykdylar.
17 Galadan çykanlaryndan soň adamlaryň biri: «Indi gaç-da, başyňy gutar. Yzyňa garama! Düzlükde aýak çekme, göni daga gaç, ýogsam gala bilen bile heläk bolarsyň» diýdi.
18 Ýöne Lut oňa şeýle diýdi: «Ýok, ýok jenabym!
19 Guluňyz seniň nazaryňda eýýäm merhemet tapdy. Sen meni ölümden halas edip, maňa ýagşylyk etdiň. Emma men daglara gaçyp bilmerin; men betbagtçylyga ýolugyp, ölerin diýip gorkýaryn.
20 Şu golaýda kiçijik bir gala bar. Ol kiçi ahyryn?! Özümi şol ýere atmaga maňa ygtyýar etseň, men ölümden halas bolaryn».
21 Ol Luta: «Bolýar, seniň haýyşyňy ýerine ýetirerin. Men ol diýýän galaňy weýran etmerin.
22 Sen basym gaç, çünki sen ol ýere baryp ýetýänçäň, men hiç zat edip bilmerin» diýdi. Şoňa görä-de ol gala Sogar diýlip atlandyryldy.
23 Gün doganda, Lut Sogara gelip ýetdi.
24 Şol wagt Reb Sodom bilen Gomora galalarynyň üstüne gökden otly kükürt ýagdyryp, bu iki galany daş-töweregi, ähli ilatydyr ösümlikleri bilen bile weýran etdi.
26 Lutuň aýaly yzyna garady we ol şol bada duz sütünine öwrüldi.
27 Ybraýym daň bilen turup, özüniň Rebbiň huzurynda duran ýerine gitdi.
28 Ybraýym Sodoma, Gomora we tutuş düzlüge tarap aşak seredip, ol ýurtdaky asmana göterilýän tüssäniň edil ojakdan çykýan ýalydygyny gördi.
29 Şeýdip, Hudaý düzlükdäki iki galany weýran edende, Ybraýymy ýatdan çykarmady; Lutuň mesgen tutan galalaryny weýran edende, Hudaý Luty ol betbagtçylykdan halas etdi.
30 Lut Sogarda galmakdan gorkup, iki gyzyny-da alyp, bu ýerden çykdy. Ol dagda mesgen tutup, gyzlary bilen bile bir gowakda ýaşaberdi.
31 Bir gün gyzlaryň ulusy uýasyna: «Kakamyz garrap barýar; dünýä adatyna görä biziň ýanymyza girer ýaly ýer ýüzünde hiç bir erkek kişi ýok.
32 Gel, kakamyza şerap içirip, onuň bilen ýataly. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi.
33 Gyzlar şol gije kakalaryny serhoş etdiler. Şeýdip, gyzlaryň ulusy öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut gyzynyň haçan ýatyp, haçan turanyny-da bilmedi.
34 Ertesi gün ýene gyzlaryň ulusy öz doganyna: «Men öten agşam kakam bilen ýatdym. Gel, bu gije-de ony serhoş edeli; sen hem onuň bilen ýat. Şeýdip, biz öz kakamyzyň üsti bilen perzentli bolarys» diýdi.
35 Gyzlar bu gije hem kakalaryny serhoş etdiler. Bu gezek gyzlaryň kiçisi öz kakasynyň ýanyna girip, onuň bilen ýatdy. Lut onuň-da haçan ýatyp, haçan turanyny bilmedi.
36 Şeýdip, Lutuň iki gyzy-da öz kakasyndan göwreli boldy.
37 Gyzlaryň ulusy bir ogul dogurdy we onuň adyna Mowap dakdy. Ol häzirki mowaplaryň nesilbaşysydyr.
38 Gyzlaryň kiçisi-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Benamy dakdy. Ol häzirki ammonlaryň nesilbaşysydyr. ‎