Bap 17
Ybram togsan dokuz ýaşyndaka, Reb oňa görnüp, şeýle diýdi: «Men Gudratygüýçli Alladyryn. Sen Meniň nazarymda gez we takwa bol.
2 Men seniň bilen äht ederin we saňa juda köp nesil bererin».
3 Şol wagt Ybram Onuň öňünde ýüzin düşdi. Hudaý oňa şeýle diýdi: «Seniň bilen edýän ähtim, ine, şudur. Sen köp milletleriň atasy bolarsyň.
5 Indiden beýläk seniň adyň Ybram däl-de Ybraýym bolar, çünki Men seni köp milletleriň atasy edýärin.
6 Men seni juda örňederin. Senden milletler hem şalar dörär.
7 Men seniň bilen we seniň nesliň bilen nesilden-nesle dowam etjek ebedilik ähtimi dikelderin. Men seniň hem-de seniň nesliňiň Hudaýy bolaryn.
8 Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».
9 Hudaý sözüni dowam edip, Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen hem seniň özüňden soňky nesliň nesilden-nesle Meniň ähtimi berjaý etmelisiňiz.
10 Siz Meniň sen we seniň geljekki nesliň bilen edýän ähtimiň şertlerini berjaý etmelisiňiz. Araňyzdaky erkekleriňiziň ählisini sünnetlemelisiňiz.
11 Ujydyňyzyň pürçügini kesdirip, sünnetleniň. Sünnet siz bilen Meniň aramdaky ähtiň nyşany bolar.
12 Mundan beýläk öz nesliňizden, şeýle hem özüňizden bolman, kesekilerden satyn alan gullaryňyzdan doglan erkek çagalaryň hemmesi sekiz günlükkä sünnetlenmelidir.
13 Seniň öz hojalygyňda doglan gullaryň-da, satyn alan gullaryň-da sünnetlenmelidir. Şeýle etmek bilen siziň teniňiz, Meniň siz bilen eden ähtimiň bakydygyny görkezer.
14 Ujydynyň pürçügini kesdirip, sünnetlenmedik erkek ähti bozan adam hökmünde öz halkynyň arasyndan çykarylsyn».
15 Hudaý Ybraýyma: «Indi aýalyňyň adyny Sare diýip tutma. Mundan beýläk onuň ady Sara bolar.
16 Men Sarany ýalkaryn; ondan saňa bir ogul hem bererin. Men ony ýalkaryn; ol ençeme milletleriň enesi bolar. Onuň neslinden şalar dörär».
17 Ybraýym Onuň öňünde ýüzin düşdi; soňra ol gülüp, içinden: «Ýüz ýaşyndaky adamdanam bir, heý, çaga doglarmy?! Togsan ýaşyndaky Sara-da bir çaga dogrup bilermi?!» diýdi.
18 Soňra Ybraýym ýene Hudaýa: «Ysmaýyly mirasdarym hökmünde kabul etsediň!» diýdi.
19 Hudaý şeýle diýdi: «Ýok! Hut öz aýalyň Sara saňa bir ogul dogrup berer. Sen onuň adyna Yshak dakarsyň. Men onuň özi we tutuş nesli bilen ebedilik äht dikelderin.
20 Men seniň Ysmaýyl hakda aýdanyňy-da eşitdim. Men Ysmaýyly ýalkap, örňedip, ony juda köpelderin. Ondan on iki sany tirebaşy dörär. Men Ysmaýyldan uly millet dörederin.
21 Emma Men Öz ähtimi geljek ýylyň hut şu pursatynda Saradan doguljak Yshak bilen dikelderin».
22 Hudaý Ybraýym bilen eden gürrüňini tamamlap ýokary göterildi.
23 Ybraýym Hudaýyň özüne buýruşy ýaly, hojalygyndaky erkekleriň hemmesini, ogly Ysmaýyly, öz hojalygynda doglan gullary we satyn alan gullaryny hut şol günüň özünde sünnetledi.
24 Ybraýym togsan dokuz ýaşynda sünnetlendi.
25 Onuň ogly Ysmaýyl on üç ýaşynda sünnetlendi. Ybraýym bilen onuň ogly Ysmaýyl bir günde sünnetlendi.
27 Ybraýymyň hojalygyndaky erkekleriň ählisi, onuň hojalygynda doglan gullary-da, kesekilerden satyn alan gullary-da onuň bilen bile sünnetlendiler.