Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 38

Şol wagtlar Ýahuda öz doganlaryndan aýrylyp, adullamly Hira diýen biriniň ýanyna gidip, şol ýerde ornaşdy.
2 Ýahuda ol ýerde Şuga diýen bir kenganlynyň gyzy bilen tanşyp, öýlenip, oňa ýanaşdy.
3 Aýal göwreli bolup, bir ogul dogurdy. Ýahuda onuň adyna Er dakdy.
4 Onuň aýaly ikinji gezek göwreli bolup, ýene-de bir ogul dogurdy. Ol oglanyň adyna Onan dakdy.
5 Ol soňra ýene-de bir ogul dogurdy we onuň adyna Şela dakdy. Aýaly soňky ogluny dogranda, Ýahuda Kezipdedi.
6 Ýahuda nowbahar ogly Eri Tamar diýen gyza öýerdi.
7 Emma Ýahudanyň nowbahar ogly Eriň Öz nazarynda pisdigi üçin Reb ony öldürdi.
8 Ýahuda Onana: «Doganyňyň nesliniň ýitip gitmezligi üçin sen öz gelnejeňe ýanaşmaga borçlusyň» diýdi.
9 Emma Onan özünden önjek çagalaryň öz nesli bolmajakdygyny bilýärdi. Şol sebäpden-de ol her wagt gelnejesine ýanaşanda, çaga galmazlygy üçin tohumyny ýere dökerdi.
10 Onan Rebbiň nazarynda pislik edendigi üçin Reb ony öldürdi.
11 Ýahuda gelni Tamara: «Sen ataň öýüne git-de, oglum Şela ýigit çykýança, ol ýerde dullugyňa ýaşaber» diýdi. Çünki Ýahuda Şela-da beýleki iki dogany ýaly öler öýdüp gorkýardy. Şeýdip, Tamar atasy öýüne gitdi.
12 Esli wagtdan soň Şuganyň gyzy, Ýahudanyň aýaly hem aradan çykdy. Aýalynyň matamy sowlansoň, Ýahuda dosty adullamly Hira bilen öz gyrkymçylarynyň ýanyna Timna gitdi.
13 Tamara: «Gaýynataň dowarlaryny gyrkdyrmaga Timna gidýär» diýip habar berdiler.
14 Ol dulluk geýimini çalşyryp, ýüzüni büräp, daşyna örtgi oranyp, Timna gidilýän ýoluň ugrundaky Eýnaýymyň derwezesiniň agzynda oturdy. Çünki Tamar Şelanyň ýigit çykandygyny bilýärdi, emma ol heniz Şela berilmändi.
15 Ýahuda ony gördi we ýüzi örtülgi bolansoň, ol jelepdir öýtdi.
16 Ýahuda bu aýalyň öz gelnidiginden bihabar bolansoň, oňa tarap öwrülip: «Meniň bilen ýatjakmy?!» diýdi. Ol Ýahudadan: «Eger seniň bilen ýataýsam, sen maňa näme berersiň?» diýip sorady.
17 Ýahuda ol aýala: «Öz sürimden bir owlak ibererin» diýip jogap berdi. Ol Ýahuda: «Owlagy iberýänçäň, girew goýup bilermiň» diýdi.
18 Ýahuda ondan: «Saňa girew hökmünde näme bereýin?» diýip sorady. Ol aýal: «Boýnuňdan asylýan möhüriňi gaýyşy bilen hem-de eliňdäki hasaňy ber» diýdi. Şeýdip, Ýahuda bulary oňa berip, onuň bilen ýatdy. Şunlukda, ol aýal ondan göwreli boldy.
19 Aýal öýüne gidip, bürenjegini aýryp, ýene-de dulluk geýimini geýdi.
20 Ýahuda girewine goýan zatlaryny ol aýaldan almak üçin, adullamly dostundan oňa bir owlak iberdi, ýöne ony tapmady.
21 «Eýnaýymda, ýoluň ugrunda azgyn aýal otyrdy, şol niredekä?» diýip, ol ýerli adamlardan sorady. Emma oňa: «Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy» diýip jogap berdiler.
22 Ol Ýahudanyň ýanyna dolanyp geldi we oňa: «Men ony tapmadym, ýerli adamlar hem: „Bu ýerde hiç haçan azgyn aýal bolmandy“ diýýärler» diýdi.
23 Ýahuda: «Biziň üstümizden gülmezleri ýaly, goý, ol zatlar şonuňky bolsun. Men owlagy iberdim, ýöne sen ol aýaly tapyp bilmediň» diýdi.
24 Üç aýa golaý wagt geçenden soň, oňa: «Gelniň Tamar jelepçilige ýüz urup, göwreli bolupdyr» diýip habar berdiler. Ýahuda: «Ony daşary çykaryň-da, ýakyň» diýdi.
25 Tamary daşary çykaranlarynda, ol gaýynatasyna şu habary ýollap: «Men, ine, şu möhüriň, gaýyşyň hem-de hasanyň eýesinden göwreli boldum. Seret-de, bulary tanap, olaryň kimiňkidigini bil!» diýip, girewine alan zatlaryny gaýynatasyna iberdi.
26 Ýahuda öz zatlaryny tanap, şeýle diýdi: «Ol maňa görä mamla. Men ony oglum Şela daksam boljak ekeni». Şondan soň, Ýahuda hiç haçan Tamar bilen ýatmady.
27 Wagty-sagady dolup, dogurmaly pursaty gelende, Tamaryň göwresinde ekiz çaganyň bardygy mälim boldy.
28 Ol dogranda, ilki bir çaganyň eli çykdy. Göb ekene «Şu öň doguldy» diýip, çaganyň goşaryna gyrmyzy sapak daňdy.
29 Ýöne çaga elini ýene yzyna çekip aldy we onuň inisi ilki doguldy. Göb ekene: «Sen nädip zor bilen çykdyň?» diýdi. Şol sebäpden hem onuň adyna Peres dakyldy.
30 Soňra eli gyrmyzy sapakly çaga doguldy. Onuň adyna Zera goýuldy. ‎