Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 16

Ybramyň aýaly Sare oňa çaga dogrup bermedi. Sareniň Hajar atly müsürli bir gyrnagy bardy.
2 Bir gün Sare Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Sareniň sözüne gulak asdy.
3 Şeýdip, Sare müsürli çorusy Hajary öz adamsy Ybrama aýallyga berdi. (Bu waka bolup geçende, Ybram Kenganda on ýyl ýaşapdy.)
4 Ybram Hajar bilen ýatdy we Hajar göwreli boldy. Hajar özüniň göwrelidigini bilenden soň, öz bikesine ýigrenç bilen seretdi.
5 Sare Ybrama: «Meniň mertebämiň peselmegine sen sebäp bolduň! Öz gyrnagymy seniň goýnuňa beren mendirin. Ol özüniň göwrelidigini bileni bäri, maňa ýigrenç bilen seredýär. Ikimizden haýsymyzyň mamladygymyzy, goý, Reb çözsün» diýdi.
6 Ybram Sareýe: «Gyrnagyň öz eliňde. Sen oňa islän zadyňy et» diýdi. Şunlukda, Sare Hajara juda ýowuz daraşyp ugrady. Hajar ondan gaçyp gitdi.
7 Rebbiň perişdesi Hajary çöl içindäki, Şur ýolundaky gözbaşyndan tapdy. Ol ondan: «Eý, Sareniň çorusy Hajar, nireden gelip, nirä barýarsyň?» diýip sorady. Hajar: «Bikäm Sareden gaçyp barýaryn» diýip jogap berdi.
9 Rebbiň perişdesi Hajara: «Bikäň ýanyna dolan-da, oňa tabyn bol» diýdi.
10 Rebbiň perişdesi sözüni dowam edip, Hajara: «Seniň nesliňi şeýle bir köpelderin welin, hatda olary sanap-da bolmaz.
11 Sen häzir göwreli; seniň bir ogluň bolar. Sen onuň adyna Ysmaýyl dakarsyň, çünki Reb seniň ahy-nalaňy eşitdi.
12 Ol ýabany eşek ýaly bir adam bolar. Ol her kese, her kes hem oňa garşy bolar. Ol öz doganlarynyň hiç biri bilen oňuşmaz».
13 «Men, hakykatdan-da, özüme Üns Berýän Hudaýy gördüm» diýip, Hajar özi bilen gepleşen Rebbi «Görýän Hudaý» diýip atlandyrdy.
14 Şoňa görä-de Kadeş bilen Berediň arasyndaky ol guýy «Beýer-lahaýroý» diýip atlandyrylandyr.
15 Hajar Ybrama bir ogul dogrup berdi. Ybram oglunyň adyna Ysmaýyl dakdy.
16 Hajar Ysmaýyly dogranda, Ybram segsen alty ýaşyndady. ‎