Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 12

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.
2 Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, Seni belende götererin, Adamlar seniň adyňdan Pata bererler biri-birlerine.
3 Seni ýalkany ýalkaryn, Seni näletläni-de näletlärin; Ýer ýüzündäki ähli milletler Sen arkaly pata alarlar».
4 Ybram Rebbiň aýdyşy ýaly ýola düşdi. Lut hem onuň bilen bile gitdi. Harandan çykyp gaýdanda, Ybram ýetmiş bäş ýaşyndady.
5 Ol aýaly Sareni, doganoglany Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler.
6 Ybram Kenganyň içi bilen Şekemiň golaýyndaky Moredäki dub agajyna çenli gitdi. Ol döwürlerde kenganlar şol ýerde ýaşaýardylar.
7 Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.
8 Soňra ol ýerden Beýteliň gündogaryndaky daglyga tarap gitdi. Günbatar tarapynda galan Beýtel we gündogar tarapynda galan Aý galalarynyň arasynda öz çadyryny dikdi. Ybram ol ýerde Reb üçin gurbanlyk sypasyny ýasap, Rebbiň adyna ybadat etdi.
9 Soňra ol bir ýerden başga ýere göçüp-gonup, günorta tarap ýoluny dowam etdirdi.
10 Kenganda gazaply açlyk başlandy. Şoňa görä Müsürde gelmişek bolup ýaşamak üçin, Ybram Müsüre gitdi.
11 Olar Müsüre golaýlaşanlarynda, Ybram aýaly Sareýe: «Men seniň juda owadan aýaldygyňy bilýärin.
12 Müsürliler seni görüp: „Bu onuň aýaly“ diýerler; onsoň olar meni öldürerler, seni bolsa diri galdyrarlar.
13 Olaryň sen üçin maňa ýagşylyk ederleri we seniň üstüň bilen meniň janymyň halas bolary ýaly sen olara: „Men onuň aýal dogany“ diý» diýdi.
14 Ybram Müsüre gelende, müsürliler Sareniň juda owadandygyny gördüler.
15 Sareni gören fyrownyň köşk emeldarlary fyrowna Sareniň gözelligini tarypladylar. Hatyn köşge äkidildi.
16 Sareniň hatyrasyna fyrown Ybrama ýagşylyk etdi. Ol Ybrama dowarlar, öküzler, eşekler, gul-gyrnaklar we düýeler berdi.
17 Reb Ybramyň aýaly Sare sebäpli fyrown we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi.
18 Şonda fyrown Ybramy ýanyna çagyryp: «Meni nä günlere saldyň?! Sareniň öz aýalyňdygyny näme üçin maňa aýtmadyň?
19 Näme üçin sen „Ol meniň aýal doganym“ diýdiň? Men Sareni özüme aýallyga aldym-a! Ynha, seniň aýalyň, ony al-da, gümüňi çek!» diýdi.
20 Fyrown Ybram barada öz adamlaryna buýruk berdi. Olar Ybramy aýalydyr bar emlägi bilen Müsürden öz ýoluna ugratdylar. ‎