Bap 1
Başda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy.
2 Dünýä şekilsiz boşlukdy; suwlaryň ýüzi tüm-garaňkylyk bilen örtülendi. Suwuň ýüzünde Hudaýyň ruhy perwaz urýardy.
3 Hudaý: «Ýagtylyk bolsun!» diýdi. Ýagtylyk peýda boldy.
4 Hudaý ýagtylygyň gowudygyny görüp, ony tümlükden bölüp aýyrdy.
5 Hudaý ýagtylygy gündiz, tümlügi bolsa gije diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ilkinji gündi.
6 Hudaý: «Suwlaryň aralygynda gümmez bolsun we ol suwy suwdan bölüp aýyrsyn!» diýdi.
7 Şeýdip, Hudaý gümmez ýaratdy. Ol gümmeziň astyndaky suwy ýokarsyndaky suwdan bölüp aýyrdy.
8 Hudaý gümmezi asman diýip atlandyrdy. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu ikinji gündi.
9 Hudaý: «Asmanyň astyndaky suwlar bir ýere jemlensin we gury ýer emele gelsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
10 Hudaý gury ýeri ýer, bir ýere jemlenen suwlary bolsa deňiz diýip atlandyrdy. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
11 Soňra Hudaý: «Ýer dünýäde görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan miweli agaçlary öndürsin!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
12 Şeýdip, ýer görnüşlerine görä tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan agaçlary öndürdi. Hudaý munuň gowudygyny gördi.
13 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu üçünji gündi.
14 Hudaý: «Gündizi gijeden aýyrmak üçin asmanda şamçyraglar bolsun. Goý, olar baýramçylyklary, günleri we ýyllary görkezsin.
15 Şamçyraglar asmanyň gümmezinde bolup, ýer ýüzüne ýagty saçsynlar!» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
16 Şeýdip, Hudaý iki sany beýik yşygy – gündizi dolandyrmak üçin uly yşygy, gijäni dolandyrmak üçin kiçi yşygy hem-de ýyldyzlary döretdi.
17 Ýeriň ýüzüne ýagtylyk bermek, gündiz bilen gijäni dolandyrmak we ýagtylygy garaňkylykdan tapawutlandyrmak üçin, Hudaý olary asmanda ýerleşdirdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
19 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu dördünji gündi.
20 Hudaý: «Goý, suw janly-jandarlardan dolup-daşsyn we guşlar hem asmanyň gümmezinde uçsunlar» diýdi.
21 Şeýdip, Hudaý äpet deňiz aždarlaryny, suwda ýüzýän dürli-dümen suw jandarlaryny we dürli guş-gumrulary ýaratdy. Ol munuň gowudygyny gördi.
22 Hudaý: «Deňiz jandarlary örňäň, köpeliň, deňizleri dolduryň, ýer ýüzündäki guşlar köpeliň» diýip, olara pata berdi.
23 Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu bäşinji gündi.
24 Hudaý: «Ýer öz görnüşlerine görä jandarlary: mallary, süýrenijileri hem-de haýwanlary öndürsin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
25 Hudaý ýer ýüzünde öz görnüşlerine görä haýwanlary, mallary hem-de süýrenijileri döretdi. Ol munuň gowudygyny gördi.
26 Onsoň Hudaý: «Indi biz Öz keşbimizde, Özümize meňzeş ynsany ýaradalyň. Goý, olar balyklaryň, guşlaryň, mallaryň, bütin ýer ýüzündäki haýwanlaryň we ähli süýrenijileriň üstünden höküm sürsünler!» diýdi.
27 Şeýdip, Hudaý Öz keşbinde ynsany ýaratdy, Hawa, Hudaý olary Öz keşbinde ýaratdy, Olary erkek we aýal edip ýaratdy.
28 Hudaý erkege we aýala: «Örňäp, köpelip, ýer ýüzüni dolduryň we oňa eýeçilik ediň; balyklaryň, guşlaryň we ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlaryň üstünden höküm sürüň» diýip pata berdi.
29 Hudaý olara: «Indi Men ýer ýüzünde tohum berýän ösümlikleri we tohumlary miweleriniň içinde bolan bar agaçlary size berýärin, olar size iýmit bolar.
30 Ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesine we burnunda dirilik nepesi bolan ýer ýüzünde hereket edýän bütin jandarlara ýerdäki bar gök ösümlikleri iýmit üçin berýärin» diýdi. Bu şeýle-de boldy.
31 Hudaý öz ýaradan zatlarynyň juda gowudygyny gördi. Şeýdip, gije geçip, daň atdy. Bu altynjy gündi.