Bap 20
Ybraýym ol ýerden Negep çölüne göçüp, Kadeş bilen Şuruň aralygynda düşledi. Soňra ol Gerarda gelmişek bolup ýaşady.
2 Ybraýym öz aýaly Sara «Ol meniň aýal doganym» diýdi. Geraryň şasy Abymelek adam iberip, Sarany getirtdi.
3 Hudaý Abymelegiň düýşüne girip, oňa: «Ärli aýaly ýanyňa aldyrdandygyň sebäpli sen ölersiň» diýdi.
4 Emma Abymelek Sara heniz ýakynlaşmandy. Abymelek: «Eý, Taňry! Sen bigünä halky-da ýok etjekmi?!
5 Ybraýymyň özi: „Bu meniň aýal doganym“ diýip aýtmadymy näme?! Aýalyň özi-de: „Ol meniň erkek doganym“ diýdi ahyryn. Men bu işi päk ýürek we ynsap bilen etdim» diýdi.
6 Hudaý Abymelege düýşünde şeýle diýdi: «Seniň muny päk ýürekden edendigiňi Men bilýärin. Seni Özüme garşy günä etmeklikden saklan Mendirin. Şonuň üçin seniň oňa el urmagyňa ygtyýar bermedim.
7 Indi bolsa sen aýaly öz adamsyna gaýtaryp ber, çünki onuň adamsy pygamberdir. Ol seniň üçin dileg eder. Şeýdip, sen diri galarsyň. Aýaly yzyna gaýtarmasaň, sen we seniň ähli adamlaryň hökman ölersiňiz».
8 Abymelek daň bilen turdy we ähli emeldarlaryny çagyryp, olara düýşüni gürrüň berdi. Olar gaty gorkdular.
9 Abymelek Ybraýymy çagyryp, oňa: «Bu näme etdigiň boldy?! Seniň meni we meniň patyşalygymy beýle uly günä bilen ýazykly ederiň ýaly, meniň saňa garşy eden günäm näme?! Sen maňa asla edilmeli däl işi etdiň» diýdi.
10 Abymelek ýene-de Ybraýymdan: «Sen näme maksat bilen beýle etdiň?» diýip sorady.
11 Ybraýym oňa şeýle jogap berdi: «Bu ýerde Hudaýdan gorkýan ýokdur öýtdüm we aýalym sebäpli özümi öldürerler diýip pikir etdim.
12 Onsoňam ol meniň, hakykatdan-da, aýal doganym. Ikimiz atabir enebaşga dogandyrys, ol soň meniň aýalym boldy.
13 Hudaý meni atamyň öýünden entedip iberende, men Sara: „Sen maňa wepaly bol. Men barada soran her kişä bu meniň erkek doganym diý“ diýdim».
14 Abymelek Ybraýyma ownukly-irili mallar, gullardyr gyrnaklar berdi; aýaly Sarany hem oňa gaýtaryp berdi.
15 Abymelek Ybraýyma: «Ine, tutuş ýurdum seniň öňüňde ýaýylyp ýatyr. Sen islän ýeriňde ýaşa» diýdi.
16 Abymelek Sara-da: «Doganyňa müň teňňe kümüş berdim. Bu ýanyňdakylara seniň bigünädigiňi görkezer. Sen doly aklanansyň» diýdi.
17 Ybraýymyň aýaly Sara sebäpli, Hudaý Abymelegiň köşgündäki aýallaryň ählisiniň ýatgysyny baglapdy. Ybraýym Hudaýa dileg etdi. Hudaý Abymelegiň özüni-de, aýalydyr gyrnaklaryny-da çaga dograrlary ýaly sagaltdy.