Bap 43
Kenganda açlyk erbetdi.
2 Müsürden getirilen galla gutaranda, Ýakup ogullaryna: «Ýene gidiň-de, biraz azyk satyn alyp geliň» diýdi.
3 Ýahuda oňa şeýle diýdi: «Ol adam bize berk duýduryş berip: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi.
4 Benýamini biziň bilen iberseň, biz gideris hem saňa azyk satyn alyp geleris, ony ibermeseň, gitmeris. Çünki ol adam: „Doganyňyz bilen gelmeseňiz, siz meni görmersiňiz“ diýdi».
6 Ysraýyl: «Oňa ýene bir doganyňyzyň bardygyny aýdyp, maňa beýle ýamanlyk etmeli däl ekeniňiz-dä!» diýdi.
7 Olar: «Ol bizden „Kakaňyz dirimi? Başga-da doganyňyz barmy?“ diýip, biz we biziň maşgalamyz hakynda sorag baryny ýagdyrdy. Biz hem onuň soraglaryna jogap bermeli bolduk. Onuň: „Doganyňyzy getiriň“ diýjegini biz nireden bileli ahyryn?» diýdiler.
8 Ýahuda kakasy Ysraýyla şeýle diýdi: «Sen-de, biz-de, çagalarymyz-da açlykdan ölmän ýaşarymyz ýaly, oglany meniň bilen iber, biz gideli.
9 Men Benýamine öz janym bilen jogap berjekdigime kepil geçýärin. Ony menden talap et. Eger men oglany saňa yzyna getirip, öňüňde goýmasam, onda, goý, men ömürbaky seniň öňüňde günäkär bolaýyn.
10 Eger biz haýal-ýagallyga salmadyk bolsak, biz ol ýere eýýäm iki gezek gidip-gelerdik».
11 Kakalary Ysraýyl olara şeýle diýdi: «Bolýar, gidiň, ýöne ýanyňyz bilen häkim üçin sowgat hökmünde, şu ýurduň iň oňat näz-nygmatlaryndan: biraz melhem, biraz bal, ladan, atyr, pisse hem badam äkidiň.
12 Iki esse köp pul alyň, horjunyňyzyň agzynda yzyna gaýtarylan öňki pullaryňyzy bolsa yzyna äkidiň. Belki, bir ýalňyşlyk bolandyr.
13 Doganyňyzy hem alyň-da, ýene ol adamyň ýanyna dolanyň.
14 Gudratygüýçli Allanyň Özi size ol adamyň öňünde rehim etsin; belki, ol beýleki doganyňyzy-da, Benýamini-de goýberäýedi-dä. Çagasyz galmaly bolsam, goý, galaýyn».
15 Şeýdip, olar sowgatlary, iki esse pul hem Benýamini alyp, Müsüre gidip, ýene Ýusubyň huzuryna bardylar.
16 Ýusup olaryň arasynda Benýamini görüp, hojalygynyň baş hyzmatkärine: «Bu adamlary öýe äkit; bir mal soý-da, nahar taýýarla. Olar meniň bilen bile günortanlyk edinerler» diýdi.
17 Ol hyzmatkär tabşyrylyşy ýaly, doganlary Ýusubyň öýüne alyp bardy.
18 Doganlar gorkdular, çünki olar Ýusubyň öýüne getirildiler. Olar: «Muny geçen gezekki horjunlarymyzda yzyna gaýtarylan pul sebäpli, darap, bizi tutup gul edip, elimizden eşeklerimizi almak üçin edýändir» diýdiler.
19 Şeýdip, olar Ýusubyň hyzmatkäriniň ýanyna baryp, öýüň işiginde duran ýerlerinden onuň bilen gepleşdiler.
20 Olar şeýle diýdiler: «Jenabym, bize gulak as. Biz bu ýere azyk satyn almak üçin öň hem gelipdik.
21 Emma şeýle bir ýagdaý boldy. Gidişin, düşlän ýerimizde horjunlarymyzyň agzyny açdyk, görsek, getiren pullarymyz şol durşuna horjunlaryň agzynda goýlupdyr. Olary biz ýene-de gaýtaryp getirdik.
22 Bu gezekki satyn aljak azygymyz üçin bolsa biz goşmaça pul getirdik. Pullary kimiň horjunymyza salandygyndan biziň habarymyz ýok».
23 Hyzmatkär olara: «Arkaýyn boluň, gorkmaň. Pullary horjunlaryňyza siziň we siziň ataňyzyň Hudaýy siziň üçin salandyr. Pullaryňyzy men aldym» diýdi. Soňra hyzmatkär Şimgony olaryň ýanyna getirdi.
24 Hyzmatkär olary Ýusubyň öýüne salyp, olara aýaklaryny ýuwar ýaly suw getirdi we olaryň eşeklerine iým berişdirdi.
25 Doganlar bolsa günortana, Ýusubyň geler wagtyna çenli öz getiren sowgatlaryny taýýarladylar, çünki olara Ýusup bilen bile naharlanmalydyklary aýdylypdy.
26 Ýusup öýe gelende, doganlary Ýusuba öz sowgatlaryny berip, oňa tagzym etdiler.
27 Ýusup olaryň hal-ahwallaryny soraşdyrdy. Soňra ol: «Garry ataňyz sag-gurgunmy? Ol aýatda dirimi?» diýdi.
28 Olar: «Guluň kakamyz sag-gurgun gezip ýör» diýip, oňa dyza çöküp tagzym etdiler.
29 Soňra Ýusup olara göz aýlady we öz süýtdeş dogany Benýamini görüp: «Körpämiz diýeniňiz şumy? Hudaý saňa merhemet etsin, oglum!» diýdi.
30 Soňra Ýusup howlukmaçlyk bilen ol ýerden çykdy, çünki doganynyň didaryny görüp, onuň damagy doldy. Ol öz içki otagyna geçip aglady.
31 Ýüz-gözüni ýuwup, özüni dürsänden soň bolsa: «Nahar getiriň» diýip buýurdy.
32 Nahary Ýusuba özbaşyna, doganlara özbaşyna we onuň bilen naharlanýan müsürlilere özbaşyna berdiler, çünki müsürliler ýewreýler bilen bile naharlanmaklygy ýigrenç hasaplaýardylar.
33 Doganlar ýaş tertibi boýunça uludan-kiçä, Ýusubyň garşysynda oturdyldy. Olar muňa geň galyp, biri-birlerine seredişdiler.
34 Olara nahar Ýusubyň saçagyndan berildi. Benýaminiň paýy beýlekileriňkiden bäş esse artykdy. Şeýdip, olar Ýusup bilen bile iýip-içip keýp çekdiler.