Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 21

Reb edil aýdyşy ýaly, Sara beren wadasyny berjaý etdi.
2 Hudaýyň aýdan wagtynda Ybraýym garransoň, Sara göwreli bolup, oňa bir ogul dogrup berdi.
3 Ybraýym özüniň Saradan bolan oglunyň adyna Yshak dakdy.
4 Hudaýyň buýruşy ýaly edip, Yshak sekiz günlükkä Ybraýym ony sünnetledi.
5 Ogly Yshak doglanda, Ybraýym ýüz ýaşyndady.
6 Sara: «Hudaý maňa begenç hem gülki getirdi. Oglumyň bolandygyny eşiden her kişi meniň bilen bile gülşer».
7 Sara: «Ybraýyma Sara çaga emdirer diýen bolsa, muňa ynanan tapylarmydy?! Emma, ine, ol gojalansoň, men oňa ogul dogrup berdim» diýdi.
8 Çaga ulaldy, ony süýtden aýyrdylar. Şol gün, ýagny Yshagyň süýtden aýrylan güni Ybraýym uly toý tutdy.
9 Asly müsürli Hajaryň Ybraýymdan bolan oglunyň öz ogly Yshagyň üstünden gülýänini Sara gördi.
10 Ol Ybraýyma: «Bu gyrnagy ogly bilen bile çykaryp kow. Gyrnagyň ogly oglum Yshak bilen mirasymyzy paýlaşmaz» diýdi.
11 Emma ogly baradaky bu mesele Ybraýyma juda agyr degdi.
12 Hudaý Ybraýyma şeýle diýdi: «Sen ogluň we gyrnagyň üçin gamlanma. Sara näme et diýse, şony-da et, çünki seniň adyň Yshagyň nesliniň üsti bilen dowam eder.
13 Gyrnagyňdan bolan ogluňdan hem bir millet ýaradaryn, çünki ol-da seniň perzendiňdir».
14 Ybraýym daň bilen turdy-da, biraz nan hem bir meşik suw alyp, olary Hajaryň egnine atdy. Ol oglany Hajaryň gözegçiligine berip, ony goýberdi. Hajar gidip, Beýerşebanyň çölünde esli wagt entedi.
15 Meşikdäki suw tükendi. Hajar oglany bir gyrymsy agajyň aşagynda taşlap gitdi.
16 «Oglumyň ölenini bir görmäýin» diýip, gidip, oglundan okýetim uzaklykda oturyp, içigip-içigip aglady.
17 Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Hudaýyň perişdesi gökden Hajary çagyryp: «Hajar, näme boldy? Gorkma, Hudaý oglanyň sesini eşitdi. Bar, oglany ýerinden galdyr-da, elinden tut. Men ondan bir beýik millet ýaradaryn» diýdi.
19 Hudaý Hajaryň gözüni açdy we ol bir suwly guýyny gördi. Ol baryp, guýudan meşigini doldurdy-da, ondan ogluna içirdi.
20 Hudaý ol oglan bilen biledi. Ol ulalyp, çölde ýaşap, ökde kemançy bolup ýetişdi.
21 Oglan Paran çölünde ýaşaýardy. Ejesi ony müsürli bir gyza öýerdi.
22 Şol döwürde Abymelek patyşa öz harby serkerdesi Pikol bilen bile Ybraýymyň ýanyna baryp, oňa: «Ähli işde Hudaý seniň bilen biledir.
23 Sen maňa meniň tohum-tijime biwepalyk etmejekdigiňe, meniň saňa wepaly bolşum ýaly, seniň-de maňa we öz gelmişek bolup ýaşaýan ýurduňa wepaly boljakdygyňa sen Hudaýdan ant iç» diýdi.
24 Ybraýym: «Ant içýärin» diýdi.
25 Soňra Abymelegiň gullarynyň özünden suwly guýyny zor bilen alandyklary üçin Ybraýym oňa närazylyk bildirdi.
26 Abymelek oňa: «Muny men şu wagt eşidýärin. Ony kimiň edendiginden habarym ýok. Sen muny maňa habar bermediň» diýdi.
27 Ybraýym Abymelege ownukly-irili mal berdi. Olar özara äht baglaşdylar.
28 Ybraýym ýedi sany guzyny sürüden çykaryp, aýry goýdy.
29 Patyşa Ybraýymdan: «Näme üçin beýdýärsiň?» diýip sorady.
30 Ol: «Sen şu ýedi guzyny menden al. Şeýle etmek bilen sen şol guýyny meniň gazdyrandygyma şaýatlyk edersiň» diýdi.
31 Olar bu guýyny Beýerşeba diýip atlandyrdylar, çünki bu ýerde olar özara ant içişipdiler.
32 Olar Beýerşebada äht baglaşanlaryndan soň, Abymelek öz harby serkerdesi Pikol bilen ol ýerden öz ýurduna, piliştlileriň topragyna dolandy.
33 Ybraýym Beýerşebada bir sany ýylgyn ekip, ol ýerde Baky Hudaý Rebbe ybadat etdi.34 Ybraýym piliştlileriň ýurdunda uzak wagtlap gelmişek bolup ýaşady.