Bap 46
Ysraýyl ähli zatlaryny alyp, ýola rowana boldy. Ol Beýerşeba gelip, kakasy Yshagyň Hudaýyna gurbanlyklar berdi.
2 Şol gije Hudaý Ysraýyla görnüp, oňa: «Ýakup! Ýakup!» diýdi. Ysraýyl Oňa: «Lepbeý!» diýip jogap berdi.
3 Hudaý oňa şeýle diýdi: «Men Hudaýdyryn, seniň ataňyň Hudaýydyryn. Sen Müsüre gitmekden gorkma. Men ol ýerde senden bir beýik millet ýaradaryn.
4 Men seniň bilen bile Müsüre giderin we seni soň ýene-de öz topragyňa getirerin. Sen dünýäden öteniňde, Ýusup seniň ýanyňda bolar».
5 Onsoň Ýakup Beýerşebadan gaýtdy. Ysraýylyň ogullary kakalary Ýakuby, öz çagalarydyr aýallaryny, fyrownyň iberen arabalaryna mündürdiler.
6 Ýakup ähli nesillerini: ogul-gyzlaryny, agtyklarydyr mallaryny we Kenganda toplan ähli mal-mülklerini alyp, Müsüre geldi.
8 Ysraýyllaryň Ýakup we onuň bilen Müsüre gelen nesilleri şulardyr. Ýakubyň nowbahar ogly Ruben.
9 Rubeniň ogullary: Hanok, Pallu, Hesron, Karmy.
10 Şimgonyň ogullary: Ýemuwel, Ýamyn, Ohat, Ýakyn, Sohar hem-de kenganly bir aýalyndan bolan ogly Şawul.
11 Lewiniň ogullary: Gerşon, Kohat, Merary.
12 Ýahudanyň ogullary: Er, Onan, Şela, Peres, Zera. Bulardan Er bilen Onan Kenganda ölüpdiler. Peresiň ogullary: Hesron, Hamul.
13 Ysakaryň ogullary: Tola, Puwa, Ýop, Şimron.
14 Zebulunyň ogullary: Seret, Eýlon, Ýahleýel.
15 Bu ogullary hem-de gyzy Dinany Leýa Ýakuba Padanaramda dogrup beripdi. Ýakubyň ähli ogul-gyzlarynyň jemi otuz üç sanydy.
16 Gatyň ogullary: Sipýon, Hagy, Şuny, Esbon, Eri, Arody, Areli.
17 Aşeriň ogullary: Ýimna, Ýişwa, Ýişwi, Beriga hem-de gyzy Sera. Beragyň ogullary: Heber, Malkigel.
18 (Bular Zilpanyň ogullarydyr. Laban Zilpany öz gyzy Leýa gyrnak edip beripdi. Zilpa Ýakuba jemi on alty ogul dogrup berdi.)
19 Ýakubyň Rahelden bolan ogullary: Ýusup, Benýamin.
20 Müsürde Heliýopolys galasynyň ruhanysy Potyperiň gyzy Asenat Ýusuba Manaşeni we Efraýymy dogrup berdi.
21 Benýaminiň ogullary: Bala, Beker, Aşbel, Gera, Nagaman, Ehi, Roş, Mupym, Hupym we Art.
22 (Bular Ýakubyň Rahelden bolan ogullarydyr. Olar jemi on dörtdür.)
23 Danyň ogly: Haşum.
24 Naftalynyň ogullary: Ýahsegel, Guny, Ýezer, Şillem.
25 (Bular Bilhanyň ogullarydyr. Laban Bilhany öz gyzy Rahele gyrnak edip beripdi. Bilha Ýakuba jemi ýedi ogul dogrup berdi.)
26 Gelinlerinden daşary Ýakuba degişli bolan we onuň bilen bile Müsüre gelen nesilleri jemi altmyş alty başdy.
27 Ýusubyň Müsürde doglan iki ogly bilen birlikde Ýakubyň Müsürdäki tutuş hojalygy ýetmiş adamdan ybaratdy.
28 Ysraýyl Goşene barýan ýoly Ýusuba görkezer ýaly, ol Ýahudany öňden Ýusubyň ýanyna iberdi. Ysraýylyň maşgalasy Goşen welaýatyna gelende,
29 Ýusup arabasyna münüp, kakasy Ysraýyly garşylamak üçin Goşene gitdi; Ýusup kakasyny görüp, ony gujaklap, onuň gujagynda uzak wagtlap aglady.
30 Ysraýyl Ýusuba: «Didaryňy gördüm, indi ölsem-de armanym ýok. Sen diri ekeniň» diýdi.
31 Ýusup doganlaryna hem kakasynyň tutuş hojalygyna ýüzlenip, şeýle diýdi: «Men gidip, fyrowna habar bereýin. Oňa: „Kengandaky doganlarym hem-de kakam tutuş hojalygy bilen meniň ýanyma geldiler.
32 Olar çopandyrlar, çünki olar maldarçylyk bilen meşgullanýarlar. Olar özleri bilen ownukly-irili mallaryny we ähli goş-golamlaryny-da getiripdirler“ diýeýin.
33 Fyrown sizi çagyryp, sizden: „Siziň käriňiz näme?“ diýip sorar.
34 Şonda siz oňa: „Biz gullaryň ata-babalarymyz ýaly ýaşlygymyzdan bäri maldarçylyk bilen meşgullanyp gelýändiris“ diýip jogap berersiňiz. Şeýle diýseňiz, ol size Goşen welaýatynda mesgen tutmaga rugsat berer, çünki müsürliler çopanlary juda ýigrenýändirler».