Gelip çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40 41 42 43 44 45 46 47 48 49 50


Bap 27

Yshak garrap, gözden galypdy. Ol öz uly ogly Ysawy ýanyna çagyryp, oňa: «Oglum!» diýdi. Ysaw: «Näme, kaka?» diýdi.
2 Yshak: «Men indi garradym, haçan öljegim belli däl.
3 Indi sen aw enjamlaryňy – sagdakdyr ýaýyňy al-da, meýdana gidip, maňa aw awlap getir.
4 Ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; iýeýin-de, ölmezimden öň saňa pata bereýin» diýdi.
5 Yshagyň ogly Ysawa aýdan sözlerini Rebeka diňläp durdy. Ysaw meýdana awa gidende, Rebeka ogly Ýakuba şeýle diýdi: «Kakaň doganyň Ysawa:
7 „Aw awlap gel-de, ondan meniň halaýan tagamly naharymy bişirip ber; men ondan iýeýin-de, ölmezimden öň Rebbiň huzurynda saňa pata bereýin“ diýenini eşitdim.
8 Indi maňa gulak as-da, meniň tabşyrygymy ýerine ýetirgin, oglum. Git-de, sürüden iki sany semiz owlak getir, men olardan kakaňyň halaýan tagamly naharyny bişireýin.
10 Sen ony kakaňa iýmäge eltip berersiň, ol bolsa ölmezinden öň saňa pata berer».
11 Ýakup ejesine şeýle jogap berdi: «Doganym Ysaw tüýlek adam, meniň derim bolsa tekiz.
12 Eger kakam meni elläp göräýse, onda ol meniň özüni aldaýandygymy biler. Men pata almagyň deregine nälet galaryn».
13 Ejesi Ýakuba: «Şol nälet, goý, maňa gelsin, oglum. Sen maňa gulak as-da, gidip owlaklary getir» diýdi.
14 Şeýdip, Ýakup gidip, ejesine iki sany owlak getirip berdi. Ejesi Yshagyň halaýan tagamly naharyny bişirdi.
15 Soňra Rebeka uly ogly Ysawyň öýdäki gymmatbaha eşiklerini alyp, olary kiçi ogly Ýakuba geýdirdi.
16 Onuň ellerini we boýnunyň tüýsüz ýerlerini owlak derisi bilen örtdi.
17 Soňra Rebeka bişiren tagamly naharyny öz bişiren nany bilen bile ogly Ýakubyň eline tutdurdy.
18 Ýakup kakasynyň ýanyna gelip: «Kaka!» diýdi. Yshak: «Hawa! Sen kim, oglummy?» diýdi.
19 Ýakup kakasyna: «Men nowbahar ogluň Ysawdyryn. Men seniň aýdyşyň ýaly edendirin. Indi dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata beräý» diýdi.
20 Yshak oglundan: «Awy nädip beýle çalt tapyp bildiň?» diýip sorady. Ýakup: «Seniň Hudaýyň Reb maňa tapmaga kömek etdi» diýip jogap berdi.
21 Yshak Ýakuba: «Golaýragyma süýş, oglum. Seni elläp göreýin, seniň, hakykatdan-da, oglum Ysawdygyňy ýa-da däldigiňi bir bileýin» diýdi.
22 Ýakup kakasy Yshagyň alkymyna bardy. Ol ogluny elläp gördi-de: «Ses Ýakubyň sesi, ýöne eller Ysawyň elleri» diýdi.
23 Ýakubyň elleri edil Ysawyňky ýaly tüýlek bolansoň, Yshak ony tanaman, oňa pata berdi.
24 Soňra Yshak ondan: «Sen, hakykatdan-da, meniň oglum Ysawmy?» diýip sorady. Ýakup: «Hawa, men şol» diýip jogap berdi.
25 Yshak oňa: «Oglum, aw etiňi getir, iýeýin-de, saňa pata bereýin» diýdi. Ýakup nahary onuň öňünde goýdy; Yshak iýdi, Ýakup şerap getirdi, Yshak içdi.
26 Yshak Ýakuba: «Gel, oglum, meni ogşa» diýdi.
27 Ýakup kakasynyň alkymyna baryp, ony ogşady. Yshak onuň geýimleriniň ysyny aldy we oňa pata berdi: «Ine, oglumyň bu ysy Rebbiň bereket beren Meýdanyň ysy ýalydyr.
28 Hudaý saňa Gögüň çygyndan, Mes toprakly ýerden, Bol galla hem şerap bersin.
29 Halklar saňa hyzmat etsinler, Il-uluslar saňa boýun egsinler. Baştutan bol sen öz doganlaryňa, Doganlaryň saňa boýun egsinler. Seni näletlän, näletlensin, Seni ýalkan, ýalkansyn!»
30 Yshak Ýakuba pata berip, Ýakup kakasynyň ýanyndan çykan dessine, dogany Ysaw awdan gaýdyp geldi.
31 Ol hem kakasyna tagamly nahar bişirip getirdi-de: «Kaka, dik otur-da, getiren aw etimden iýip, maňa pata ber» diýdi.
32 Yshak oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men seniň nowbahar ogluň Ysaw» diýip jogap berdi.
33 Yshak tutuş göwresi bilen saňňyldap: «Onda seniň öň ýanyňdan maňa aw etinden nahar bişirip getiren kimdi? Men naharyň baryny iýip, oňa pata berdim-ä. Ol indi pataly bolar!» diýdi.
34 Ysaw kakasynyň sözlerini eşidip, dady-perýat etdi. Ol kakasyna: «Eý, kaka, maňa-da pata ber, maňa-da!» diýip zarynlady.
35 Yshak oňa: «Saňa berilmeli patany doganyň aldy, ol meni aldan eken» diýdi.
36 Ysaw kakasyna: «Oňa Ýakup ady ýöne ýere dakylmandyr. Ol meni ikinji gezek aldady. Ol başda nowbahar ogullyk hakymy aldy, ine, bu gün bolsa ol maňa berilmeli patany aldy» diýdi. Onsoň Ysaw: «Sen maňa hiç pata saklamadyňmy?» diýip, kakasyna özelendi.
37 Yshak oňa: «Men ony saňa baştutan etdim, ähli doganlaryňy oňa hyzmatkär edip berdim. Oňa nandyr şerap berdim. Indi men saňa näme bereýin, oglum!» diýdi.
38 Emma Ysaw kakasyna: «Kaka, sende bary-ýogy ýeke pata barmydy näme, maňa-da pata ber-dä!» diýip, içigip-içigip aglady.
39 Kakasy Yshak oňa şeýle jogap berdi: «Seret, seniň mesgen tutjak ýeriňde gökden çyg düşmez, Ol mes toprakly ýerden daş bolar.
40 Gylyjyňa daýanyp ýaşarsyň, Doganyňa hyzmat edersiň. Wagt geler, garşylyk görkezersiň. Onuň zulmundan dynarsyň».
41 Kakasyndan alan patasy üçin Ysaw Ýakuby ýigrenýärdi. Ol öz ýanyndan: «Kakamyň ölüm pursaty golaýlap gelýär. Kakamyň ýas güni geçenden soň, men Ýakuby öldürerin» diýip oýlanýardy.
42 Uly ogly Ysawyň sözleri Rebeka baryp ýetdi. Onsoň Rebeka kiçi ogly Ýakuby çagyrtdy-da, oňa şeýle diýdi: «Doganyň Ysaw senden ar almak üçin seni öldürmegiň küýüne düşüp ýör.
43 Indi maňa gulak as, oglum! Eglenme-de, Harana, meniň erkek doganym Labanyň ýanyna gaç!
44 Doganyň gahary ýatyşýança, eden işiň onuň ýadyndan çykyşýança, bir sellem şol ýerde ýaşa. Soň men adam iberip, seni ol ýerden özüm aldyraryn. Bir günüň içinde ikiňizden hem mahrum bolasym gelenok».
46 Soňra Rebeka Yshagyň ýanyna gelip, oňa: «Men Ysawyň het aýallaryndan halys irdim. Eger Ýakup şu het gyzlaryndan birine öýlenäýse, onda men nädip ýaşaryn?!» diýdi. ‎